Söz — gowy lukman.
Gorkak başyna bela getirer.
Ilini halamaýan kişi itçe ýok.
Irden günde bir ýumurtgany bişirip iý, huşuň gitmez, çig içäýmegin.
Şol bir zat bişirilse-de, naharyň tagamy ony bişirýän aýalyň häsiýetine görä bolýar.
Ýol mydama tekiz däldir.
Islendik çagyl, daş, dagyň bölegi sesi eşidýär, kä daş daşyna-da ses goýberýär. Kä harabalar hem sesi eşidip, saklap, soň goýberýär.
Geplemezlik — sadaka bermegiň iň gowusy.
Kynçylyk gören kişi az keselleýärmiş.
Uly adam aglaýan bolsa zat diýme, goý aglap içini boşatsyn, çaga aglaýan bolsa parhsyz geçme!
Eger araňyzdaky ýüp ýolnup täzeden daňylan bolsa-da, arada düwün galýar-a!
Irden bagyr bişirip iý, huşuň gitmez.
Bürgüt gargadan gorkýar: ýa ýokarda gezýär, ýa gaçýar.
Ýyrtyk geý, ýöne dogry ýöre!
Hakykat gizlinlikde ýatandyr, görmegi başarmaly.
Çatma bar bolsa, hökman ýola barýan ýoda bolaýmaly.
Esenmyrat BERDINAZAROW.








