Iki doganyň dawasyna goşulma!
Ussadyň kim?! — diýseler bir kişi: “Duşmanym” diýenmiş.
Toý könelse-de barsa bolar, pata wagtynda bar.
Kä wagt duzly şerebe bilen agzyňy çaýka!
Iňňe işleýän elde döwülýändir.
Agşamyň şapagyna seredip otursaň, göze peýda diýýärler.
Bürgüt, at, it reňk tananokmyşyn.
Alaka sazyň sesine hininden çykarmyş.
Ösümligiň ýaz gyrkylan ýerinden suw damýar. Şykgyny un ýaly edip, onuň akýan ýerine sepýärler, gurçuk düşenok.
Towza — harazça un çykardanyň üçin alynýan hak.
Hakgulla — döwek döwlüp bugdaýyny alyp, guşa galdyrylýan bugdaý.
Esenmyrat BERDINAZAROW.








