Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni mirasyny dünýä ýaýmakda we ony döwrebaplaşdyryp geljekki nesillere ýetirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ene-mamalarymyz tarapyndan döredilen taryhyň dürli döwürlerinde öz milli öwüşginini we gymmatyny ýitirmän, biziň günlerimize sarpalanyp gelen milli el işlerimiziň dürli görnüşlerini taýýarlap, ýaş nesillere öwretmekde-de Mary welaýatynyň zähmetsöýer bagtyýar zenanlary hem döredijilikli zähmet çekip, bu ugurda netijeli işleri durmuşa ornaşdyrýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň gündelik durmuşynda möhüm orun eýeleýän milli senetlerimiziň özboluşly taryhyny öwrenip, geljekki nesillere miras goýmak ugrunda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ony sungat derejesine ýetiripdir. Taryhyň ähli döwürlerinde türkmen gelin-gyzlary nepisligiň, gözelligiň iň ýokary, kämil derejesine göterilen milli el işleriniň dürli görnüşlerini taýýarlap, dünýä meşhur türkmen halylaryny we mukaddes saçaklarymyzy dokap dünýä ýüzüni haýrana goýupdyrlar. Häzirki wagtda hem sünnäleme kemi galmadyk bu milli el işleri taýýarlamakda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň zähmetsöýer zenanlary hem yhlasly zähmet çekip, bu senedi ösdürmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çeper elli zenanlar düýe ýüňünden sünnälenip dokalýan saçaklaryň, ýan torbalaryň we alajalaryň dürli görnüşlerini taýýarlamakda özleriniň ussatlyklaryny görkezip, ony geljekki nesillere ýetirmekde yhlaslaryny gaýgyranoklar. Saçak dokamak senetçiligi türkmen halkynyň gadymy we özboluşly el hünärleriniň biri bolup, ol düýe ýüňi bilen baglanşykly amala aşyrylypdyr. Çünki düýäniň ýüňem, süýdem, çalam ynsan üçin peýdaly bolup, müň derde dermandyr. Şeýle bolsansoň düýe ýüňünden taýýarlanylýan saçaklar türkmen maşgalasynda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Düýe ýüň saçagyny taýýarlamak üçin düýe ýüňüniň meňzeşleri saýlanyp alnyp, ol tüýdilip arassalanylyp ýüň darakda daralandan soň kiçiräk pişgeler edilýär. Ondan soňra bolsa ikde erşi aýratyn, argajy aýratyn egirlip ýumak taýýarlanylýar. Taýýar bolan ýumaklardan bolsa syk edilip saçak dokalyp taýýar önüm görnüşine getirilýär. Şeýle irginsiz zähmeti talap edýän düýe ýüň saçaklary bereket çeşmesi bolan mele-myssyk çöregi ýumşak we arassa saklaýar. Şonuň üçin hem mährem zenanlarymyzyň ýürek mähri siňip, sünnälenip dokalýan mukaddes saçaklarymyz öýlerimiziň bereket çeşmesi, rysgalyň gözbaşy hasaplanylýar. Türkmen zenanlary öz döredýän el işleriniň ählisiniň owadan, gelşikli we göze gelüwli bolmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Murgap etrabynyň zähmetsöýer zenanlary hem saçak dokamakda özleriniň çeper döredijilik ukybyna salgylanyp düýe ýüňünden dokaýan saçaklaryny döwrebaplaşdyryp olary tebigat gözelliklerine mahsus ajaýyp nagyşlar bilen bezeýärler. Sünnälenip ýerine ýetirilen ajaýyp düýe ýüň saçaklary halkymyzyň uly islegine eýe bolýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny mynasyp toý sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän Mary welaýatynyň çeper elli zenanlary bu arzyly hünäri höwes bilen ýerine ýetirip, el işleriniň täze nusgalaryny halka ýetirmekde tutanýerli işleri durmuşa geçirýärler. Welaýatyň bagtyýar zenanlary gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny belende göterip, olara döredijilikli zähmet çekmäne döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Merjen Çaryýarowa.








