Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alyp berýän kuwwatly hem ýokary öndürjilikli oba hojalyk tehnikalary, gurallary Mary welaýatynyň ussat ekerançy daýhanlaryna ýylyň-ýylyna toprakdan bol hasyl ösdürmeklige giň ýardam berýär. Ýerleri geljek ýylyň bol hasylynyň mäkäm düýbüni tutmaklyga hemmetaraplaýyn göwnejaý taýýarlaýan welaýatyň ekerançylary şu günler bugdaý ekişinde işlediljek tehnikalarydyr gurallary hem möwsüme taýýarlamak işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ylmyň iň täze gazananlaryny oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmak baradaky gaýragoýulmasyz tabşyryklaryny işlerinde özlerine baş ýörelge edilýän Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary bereketli topragymyza daýhan yhlasyny siňdirip, bol hasyl öndürmegiň baý tejribesini topladylar. Olar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň güýzünde geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar meýdana bugdaý ekmekligi aýdyň maksat edinýärler. Ekerançylar häzirki günlerde galla ekiljek meýdanlary sürüp, tekizläp, ekiş möwsümine agrotehnikanyň talaplaryna laýyk taýýarlaýarlar. “Maryobahyzmat” önümçilik birleşiginiň welaýatyň etraplaryndaky tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleridir mehanizatorlary bolsa ekiş tehnikalaryny bugdaý ekişine taýýarlamak işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.
Ekerançylar şu ýylyň güýzünde bugdaý ekişinde GASPARDO kysymly ýokary tehnologiýaly ekiji gurallaryň iki ýüz ýetmiş birisini işletmekligi meýilleşdirýärler. Ekiji gurallar üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlarynyň belli bir böleginiň welaýatdaky abatlaýyş kärhanalarynda öndürilmegi tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärlerine ekiji gurallary bejerip, abatlap, möwsüme birkemsiz taýýar etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki günlerde mehanizatorlar taýýar edilen ekiji gurallary ýene-de bir gezek pugta gözden geçirýärler. Ekiş tehnikasyny möwsüme taýýarlamak işleri welaýatyň Sakarçäge, Ýolöten, Garagum, Türkmengala etraplarynda has-da talabalaýyk guralypdyr. Daýhanlaryň hakyky daýanjy bolan oba hojalyk tehnikasynyň möwsüme birkemsiz taýýar edilmegi Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlaryna bu möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda, ýokary hilli geçirmeklige mümkinçilik berer.
Welaýatyň gallaçy daýhanlary özlerine toprakdan bol hasyl öndürmäge döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.