Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi adam hakdaky aladanyň anyk işlerde öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýakynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Ony etrap prokuraturasy etrap hassahanasy bilen bilelikde gurap, maslahata ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist Akmyrat Sadyýew, etrap häkimliginiň baş hünärmeni Döwran Aşyrow çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen il-gün bähbitli öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky alada bilen bagly tagallalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy dogrusynda durup geçdiler.
Yhlas KURBANNAZAROW.








