Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şu günler ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly taryhy wakalara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna görülýän taýýarlyklar babatynda welaýatlarymyzyň ähli şäherdir, etraplarda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklar yzygiderli guramaçylykly geçirilmegi netijesinde şeýle taryhy ähmiýetli wakalar mynasybetli maslahatlaryň biri hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, gurnamaklarynda Talhatanbaba oba medeniýet öýünde geçirildi. Oňa etrabyň kümüş saçly eneleri, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlar edilip, onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji we bedew bady bilen ösýän döwlet hökmünde tanalýandygy hemem Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda çuň manyly çykyşlarda beýan edildi. Halk maslahaty – bu halkyň ykbalyny öz eline alyp, döwlet derejesindäki möhüm kararlary bilelikde kabul edýän beýik maslahatdyr. Garaşsyzlyk bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, agzybirliginiň we döwletlilik ýörelgeleriniň edebiligi hem-de geljekki nesiller üçin beýik mirasydyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy we türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň kuwwatyny hem beýik geljege bolan ynamyny ýene bir gezek dabaralandyrýan taryhy basgançak bolup taryha ýazylar – diýip, uly buýsan bilen aýdyldy. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.








