Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi okgunly ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Aýratynam, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we iri pudagy bolan nebitgaz senagatynda uly üstünlikler gazanylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy — Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň yzysüre ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni zähmetsöýer gazçylarymyzy buýsandyrýar.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň goldaw-ýardamy netijesinde gazçylarymyzyň kuwwatly tehnikalar we enjamlar bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagy tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Muňa müdirligimiziň düzüm birlikleriniň edermen gazçylarynyň gazanýan zähmet üstünlikleriniň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. “Galkynyş” we beýleki gaz känlerinde gaz çykaryjylarymyzyň döredijilikli zähmeti bilen mawy ýangyjyň akymyny artdyrmakda netijeli işler bitirilýär.
Mälim bolşy ýaly, tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmakda geologiýa işgärleriniň, burawlaýjylaryň, gaz gurluşykçylarynyň we müdirligimiziň gaz çykaryjylarynyň sazlaşykly tagallalary derwaýys bolup durýar. Şonuň üçinem bu möhüm wezipede şeýle sazlaşyk gazanylýar. Bu bolsa tebigy gaz bilen diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini doly üpjün etmekden başga-da, bu energiýa çeşmesini daşary ýurtlara ygtybarly eksport etmäge mümkinçilik berýär.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygy şanly ýylymyzda has-da şatlyk-şowhuna beslener. Müdirligimiziň gazçylary bu senä zähmet sowgatly barýarlar. Şeýle-de, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri geçirip, önümçiligiň öňdebaryjylary höweslendirilýär. Gazçylarymyzy we geologiýa işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutlaýarys.
Begmuhammet ATAÝEW.








