Ýakynda Wekilbazar etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ýaşulular we eneler gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, etrapdaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Kakageldi Ataýew hem-de Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Begmuhammet Hojaberdiýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bagtyýar türkmen halkymyzyň abadan durmuşy, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça täze ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda parahat durmuşda işlemäge, döretmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Ogulşat BERKELIÝEWA.








