Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda her bir maşgala binýadynyň berkden tutulmagy ugrunda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda we onuň berkligini üpjün etmekde giň möçberli işler amala aşyrylýar.
Türkmen taryhynyň gadymy köklerine ser salsak, halkymyzyň maşgala abatlygyny mukaddeslik derejesine ýetirendiklerine düşünýärsiň. Türkmenler maşgala meselesine aýratyn jogapkärli çemeleşipdirler. Maşgalanyň abat we sagdyn bolmagy üçin örän oýlanyşykly hereket edipdirler. Türkmen halkynyň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanymyzda hem bu mesele örän jaýdar beýan edilýär. Şahyr “Her ýana” atly şygrynda:
Ýagşy aýal ele gelmez,
Nadan ýagşyň gadryn bilmez,
Aýalsyza mydar bolmaz,
Dönseň hökmi-Süleýmana —
— diýip, bellemek bilen, maşgala meselesine örän jogapkärli çemeleşmegi ündeýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary her bir adam üçin öwüt-ündew, ýakyn maslahatçy bolup hyzmat edýär. Şahyryň eserleri durşy bilen ýol-ýörelge, ol her bir ynsanda sagdyn durmuş garaýşyny kemala getirýär. Oýlanmaga, öwrenmäge pursat döredýär. Onuň maşgala meselesini oýlanyşykly gurmak baradaky ýörelgeleri biz, ýaşlar üçin uly terbiýe mekdebidir.
Ýurdumyzyň abat bolmagy, halkymyzyň abadan ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulgerek REJEPOWA.








