Ýaş ýigit özüniň ilkinji işe kabul ediliş söhbetdeşligine bardy. Ol ene-atasy bilen ýaşaýardy. Ýaş ýigidiň öýde goýberýän ujypsyzja kemçilikleri üçin hem ene-atasy oňa duýduryş berýärdi. Bu ýagdaý bolsa, ony halys irizipdi. Söhbetdeşlik üçin öz nobatyna garaşyp otyrka şeýle pikirler onuň serinden geçýärdi: “Şu kabul edilşikden üstünlik gazanyp, işe geçäýsem bor. Öýdäkiler bilen hoşlaşaga-da, şähere ýerleşerin. Onsoň olaryň iňirdilerini çekip ýörmeli bolmaryn”.
Öýündekä ol oýanandan soň, haýal etmän ýorgan-düşegini ýygnamalydy. Ýuwnup-ardynyp bolanyndan soň, suwuň ýapylandygyny mazalyja barlap, hammamyň gapysyny hem ýapyp gaýtmalydy. Kakasy oňa hemişe bir ýere çykmazdan ozal, çyralary, işläp duran enjamlary öçürmekligi sargaýardy. Ejesi bolsa, ähli zatlary ýerbe-ýer goýmalydygyny nygtaýardy.
Bu pikirleri kellesinde aýlap oturşyna ol: “Men näme üçin şularyň barsyna çydap gezmelikäm? Şu işe alyndygym öýden gaýtjak” diýip, içini gepledýärdi.
Ýaş ýigit başyny galdyryp töweregine seretdi. Daş-töweregi özi ýaly iş söhbetdeşligi üçin garaşyp duran ýaşlardan doludy. Bir seretse, ir säherdigine garamazdan, uly zalyň çyrasy ýanyp durdy. Adaty endigi boýunça ol turup çyrany öçürdi. Soňra suw krandyna gözi düşdi. Onuň tutawajy doly towlanman, henizem suw damyp durdy. Ýaş ýigit ony hem ýapyp gaýtdy.
Söhbetdeşlik gezegi ýakynlaşypdy. Ol onuň geçirilýän ýerine, ikinji gata tarap ugrady. Gidip barýarka ýoluň ortasynda duran oturgyja gözi düşdi. Oturgyjy alaga-da bir gyra süýşürdi-de ýoluny dowam etdi. Ýokary gata çykan ýigit dalaşgärleriň tizlik bilen içeri girip-çykýandyklaryna syn etdi. Görüp otursa, olardan hiç zat soralmaýan eken. Olar içeri girip diňe resminamalaryny alyp, lapykeçlik bilen çykyp gaýdýan ekenler. Ýaş ýigit bu bolýan zatlara düşünmedi. Şeýle-de bolsa, nobat bilen ol hem gapydan içeri girdi. Onuň resminamalaryna göz gezdirenlerinden soň, iş berijiler ondan:
— Haçan işe başlap bilersiňiz? — diýip soradylar.
Ol haýran galyjylyk bilen bu ýagdaýyň sebäbini sorady. Iş berijiler:
— Şu gün söhbetdeşlikde biz hiç kimden hiç zat soramadyk. Biz ähli dalaşgärleriň edýän hereketlerine gözegçilik kamerasynda syn etdik. Hemmeler geldi, ýöne hiç kim suw krandyny ýa çyrany öçürmedi. Zalyň merkezinde duran oturgyjam hiç kim ýerinden gozgamady. Siziň gowy maşgala terbiýäňiz we endikleriňiz bar eken. Özüne erk edip, özüni terbiýeläp bilmeýän adam iş dolandyryşynda-da, durmuşda-da üstünlik gazanyp bilmez — diýip, jogap berdiler.
Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, ýaş ýigit öýüne gelip, ene-atasyny bagryna basdy. Olara bolup geçen wakany gürrüň berip, olardan ötünç sorady. Ol özüniň hoşallyk duýgularyny şu sözler bilen jemledi: “Durmuşda siziň maňa öwreden ähli zatlaryňyz bilen deňeşdirenimde, gazanan baýraklarymyň, şahadatnamalarymyň onçakly gymmaty hem ýok eken. Durmuşda üstünlik gazanmak üçin diňe bir bilimiň däl, eýsem, maşgala terbiýesiniň hem bolmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyna şu gün anyk göz ýetirdim”.
Ene-atalarymyzyň gadyryny bileliň!
Iňlis dilinden terjime eden
Mahym ORAZBERDIÝEWA.








