Şu ýylyň 28-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzyň zähmetsöýer babadaýhanlaryň durmuşynda aýratyn jogapkärli döwür bolan güýzlük bugdaý ekişine Mary welaýatynda-da guramaçylykly girişildi. Geljek ýylyň däne hasylynyň düýbüni tutmak işlerine badalga berilmegi we onuň bilen baglanyşykly giň gerimde ýaýbaňlanan çäreler welaýatyň ussat gallaçy – kärendeçileriniň we oba hojalyk işgärleriniň buýsanjyny hasam belende göterdi.Bu möhüm il-halk, döwlet bähbitli işi gysga möhletde, ýokary hilli geçirmek bilen baglanşykly Mary welaýat häkimliginde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri, Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary,welaýat halk maslahatynyň agzalary,etrap, şäher häkimleri,syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri,“Marygallaönümleri”önümçilik birleşiginiň we bu pudaga degişli edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, alymlar, daýhan birleşikleriň başlyklary, kärendeçiler gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny özgertmek we däne ekişini öz wagtynda guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan aýdyň wezipelerini durmuşa geçirmek welaýatyň oba hojalyk işgärleriniň we gallaçy kärendeçileriniň baş maksady bolup durýar-diýlip bellenildi.Şeýle hem bu maslahatda welaýat boýunça şu ýyl 170 müň gektarda galla ekişini geçirmekligiň meýilleşdirilýändigi, öňde goýlan maksada ýetmek üçin welaýatda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada durlup geçildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda bugdaý ekişi döwründe gallaçy kärendeçileri ýeterlik derejede ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmegi maksat edinip, ýeterlik mukdarda ýokary arkaly bugdaý tohumynyň taýýarlanandygy, ekişi gysga möhletde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmek üçin kuwwatly tehnikalaryň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen, innowasion tehnologiýaly ekiş gurallarynyň jemlenendigi aýratyn nygtalyp geçildi. Tehnikalaryň we ekiş gurallarynyň gurat hem-de öndürjilikli işlemegini üpjün etmek maksadynda ýörite tehniki taýdan hyzmat ediş toparlarynyň döredilendigi uly buýsanç bilen bellenildi.Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşanlar we ýaşuly nesliň wekilleri welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Olar taryhy maglumatlara baý bolan muzeýiň bölümlerinde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklary synladylar. Ata – babalarymyzyň bugdaý ösdürip ýetişdirmek, olary aýawly saklamak, degirmenler arkaly bugdaý ununy taýýarlamak ýaly däpleri bilen baglanyşykly görnüşler bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Soňra maslahata gatnaşanlar galla ekişine badalga beriljek ýere – Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna bardylar. Ekin meýdanynyň daş – töwereginde ýaýbaňlanan dabaraly çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý şatlyklary bilen utgaşdy.Hormatly Prezidentimiziň güýzlük bugdaý ekişine başlamak barada beren ak patasyndan ruhlanan elleri bugdaý tohumly ýaşuly nesliň wekilleri her bir tohumyň müňlemegini arzuwlap,bissimilla bilen topraga bugdaý tohumyny sepdiler.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatly işlerini üstünlikli amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan dünýä nusgalyk başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýan we her bir tabşyrygyna joşgunly zähmet bilen jogap berýän Mary welaýatynyň edermen gallaçy – kärendeçileri ýagşy umyt – arzuwlar bilen güýzlük bugdaý ekişine girişdiler. Bugdaý tohumyny sepmäge irgözinden bir kimsiz taýýarlanylan eliň aýasy ýaly tekizlenen ýer, gözýetime uzap gidýän meýdan hemmeleriň göwünlerini galkyndyrdy. Bu göwün göteriji pursatlar şatlyk – şowhuna beslendi. Soňra hatara duran yzy ekiş gurally traktorlar herekete girizildi. Şeýlelikde-de Mary welaýatynda güýzlik bugdaý ekişi giň gerimde badalga aldy hem-de ekerançylyk meýdanyny bugdaý tohumy sepilen göni hatarlar bezedi. Bu ýerde hatara goýlan iş öndürjiligi ýokary bolan kuwwatly tehnikalar we meýdan işlerini geçirmekde ulanylýan ekiji gurallar ekin meýdanynda özboluşly gözellik döretdi. Şu ýyl welaýatyň ekin meýdanlarynda biziň howa we toprak şertlerimize durnukly, ýokary hasyl berýän bugdaý tohumynyň birnäçe saýlama görnüşlerini ekmeklik meýilleşdirilýär. Şu şanly ýylymyzda welaýat boýunça bu jogapkärli möwsüme irgözinden ykjam taýýarlyk görüldi. Ýerleriň ekiş möwsümi üçin öz wagtynda sürlüp, tekizlenip dökünler bilen gurplandyrylyp goýulmagy bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berer. Ekiş döwri üçin tehniki hyzmat ediş toparlaryň döredilmegi bolsa möwsümiň tutuş dowamynda hereket etmek bilen ekişiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmegini üpjün eder. Bu il – ýurt bähbitli işlerde öndürijilikli işleýän kuwwatly traktorlaryň we däne ekiji gurallaryň güýjünden netijeli peýdalanylar.Mary welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy babadaýhanlary geljek ýylda halkymyzyň rysgal berekedi hasaplanýan bugdaýyň 345 müň tonnasyny taýýarlamaklygy maksat edinýärler. Güýzlük bugdaý ekişine bagyşlanan dabaranyň geçýän ýeri welaýatyň aýdym – saz toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň aýdym – sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Toý şowhunly dabarada Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, birleşen tans toparlarynyň täze taryhy döwrümize mahsus aýdym – sazly çykyşlarynyň owazy uzaklara ýaň saldy. Welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň açyk asmanyň astynda guralan bezemen sahnada görkezen joşgunly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyryp, toý şatlygyny artdyrdy. Halk köpçüligine hödürlenen sahna eserlerinde we ýerine ýetirilen aýdymlarda, sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk başlangyçlary, ak bugdaýyň, mukaddes çöregiň, päk zähmetiň waspy öz beýanyny tapdy. Tans toparlarynyň görkezen tanslary şu günki dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Toý şowhunynyň gyzgalaňly pursatynda ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň durmuşynda jogapkärli möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli welaýatyň gallaçy daýhanlaryna işlerinde üstünlikler arzuw edildi. Dabaranyň geçýän ýerinde Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda okuw maslahaty geçirilip, onda oba hojalyk tehnikalarynyň gurluş aýratynlyklary, täze däne ekiji gurallaryň peýdaly taraplary barada gürrüňler edilip, degerli maslahatlar berildi. Ekin meýdanynyň gyrasynda daşary ýurtlardan getirilen täze, kuwwatly traktorlaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň, däne ekijileriniň hatara goýulmagy bolsa bu günki çärä aýratyn görk berip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki binýadynyň barha pugtalanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Bugdaý ekişine başlanmagy bilen baglanyşykly geçirilen bu çärede oba hojalyk işgärleriniň taýýarlan sergilerine-de uly orun berildi. Ýerli alymlar tarapyndan özleşdirilen hem-de biziň toprak hem howa şertlerinde durnukly bugdaý tohumlarynyň şeýle-de daşary ýurtlardan getirilen ýokary hasyl berýän bugdaý tohumlarynyň täze görnüşleriniň bu sergide giňden ýaýbaňlandyrylmagy serginiň täsirliligini artdyrdy. Welaýatyň babadaýhanlarynyň özleriniň päk we halal zähmetleri bilen bereketli topragymyzda ýetişdirýän gök, bakja ekinleriniň hasyllary, dürli görnüşli miweleri, azyk pudagynda öndürilýän çörek we çörek önümleri hem-de beýleki azyk harytlary bu günki guralan sergä aýratyn bezeg berdi. Bu ýerde türkmen halkynyň milli senetçiligini sungat derejesine çykaran ata – babalarymyzyň kesbi – kärini ýöredýän senetkärlerimiz öz ýasan orak, aňňal, syndy, keser, pil, kätmen diýen ýaly zähmet gurallary özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlandy. Gelin – gyzlaryň el hünärleri, amaly – haşam sungaty bilen baglanyşykly sergilere-de giň orun berildi. Gelin – gyzlaryň bugdaý unundan hamyr ýaýyp, pişmedir beýleki tagamlary taýýarlaýan pursatlary hem bu günki dabara aýratyn bezeg berdi. Muzeý işgärleriniň geçmişimizden miras galan gadymy gymmatlyklarymyzdan taýýarlan sergiler adamlara şatlyk paýlady. Güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli bu çärä gatnaşan welaýatyň oba hojalyk işgärleri we edermen gallaçy – kärendeçileri ýurdumyzyň babadaýhanlary barada edýän bimöçber aladalary hem-de oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we özgertmekde, bu pudagyň tehniki binýadyny kämilleşdirmekde alyp barýan belent maksatly işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza müň mertebe alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar. Her bir dänäňiz müň bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Her bir dänäňiz müň bolsun, zähmetsöýer gallaçy – babadaýhanlar!
Çary Saparow.








