Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň 19-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk maslahatynyň mejlisine bagyşlanyp Mary myhmanhanasynda söhbetdeşlik edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda golaýda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisiniň şanly wakalaryň esasylarynyň biri bolup durýanlygyny aýratyn nygtadylar. Ýokary guramaçylyklara beslenip geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy we şol maslahatda il-ýurt, halk bähbitli garalan meseleler, ondan gelip çykýan çözgütler barada-da buýsanç bilen aýtdylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Suwhan Kulyýew.








