Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi köpugurly esasda ösdürmek ugrunda berýän bimöçber ýardam-goldawlary arkaly döwletimiziň sebitlerindäki hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän bäsleşige ukyply önümleri öndürmek boýunça bu gün depginli, täzeçe ösüşlere eýe bolýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherindäki “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işjeň telekeçilerem önümçiligi senagat esasly ösdürip, öz öndürýän eksport ugurly önümleri bilen dünýä bazarynda giň orun almagy aýdyň maksat edinýärler. “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň ”Ýurdumyzy 2022-2028 - nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda gurlup, önümçilige girizilen täze kuwwatly, döwrebap kärhanasy Italiýanyň hem-de beýleki Ýewropa döwletleriniň gön önümçiligi üçin niýetlenen häzirki zaman iň täze enjamlar toplumlary, innowasion tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şol enjamlar paýdarlar jemgyýetiniň telekeçilerine ýurdumyzdaky ekologiýa taýdan arassa mal derilerini ýokary hilli gaýtadan işläp bejerip, harytlyk gön derejesine ýetirmäge şert döredýär. Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň, işgärleriniň hususy ulgamyň önümçiliginiň hilini dünýä ölçegleriniň derejesine ýetirmek, öz öndürýän gön önümleri bilen içki sarp edijileri üpjün edip, harytlyk önümiň galan bölegini dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem ýaşlara täze iş orunlaryny döretmek baradaky aýdyň maksatnamasy esasynda gurlan bu täze kärhana iri şahly mallaryň derilerini ýarym taýýar we taýýar gön edip işläp çykarýar. Kärhanada Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanymyzyň daýanjydyr” diýen durmuş ugurly parasatly ýörelgesi esasynda ýaşlaryň üç ýüze golaýyna täze iş orunlary döredildi. Paýdarlar jemgyýetinde her aýda iri şahly mallaryň derileriniň otuz müňden köprägi gaýtadan işlenilip, ýokary hilli harytlyk gön öndürilýär. Şu ýylyň geçen alty aýynda kärhanada halkara ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli gön önümleriniň otuz alty million inedördül dessimetri işlenilip çykarylyp, şonuň ýetmiş göterimden köpräginiň daşary bazara ugradylmagy bu telekeçilik kärhanasynda eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň artdyrylýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Täzelikde bolsa kärhananyň önümçilik bölümlerine dünýäniň Italiýa, Türkiýe döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil tehnologiýaly enjamlar toplumy ornaşdyryldy. Derini ýumşadyjy, tekizleýji, ýüzünde şekilleri dörediji enjamlar paýdarlar jemgyýetiniň işgärlerine önümçiligi has-da giňeltmäge ýardam berýär. Paýdarlar jemgyýetiniň bu täze kärhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň esasy böleginiň ýaşlardan ybarat bolmagy aýratyn bellärliklidir. Ol hünärmenler dünýäniň ösen döwletlerinde gön önümçiligi boýunça öňdebaryjy iş tejribesini özleşdirip gelen ýaşlardyr. Hünär kämilligini ele alan şol ýaşlar kärhanada ornaşdyrylan innowasion tehnologiýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly,at-myradyň mekany” diýen şygar bilen atlandyrylan 2026-njy ýylda “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz öndürýän ýarym taýýar we taýýar gön önümlerini dünýäniň Türkiýe, Pakistan, Russiýa, Federasiýasy, Özbegistan döwletlerine eksport edýär. Täze kärhana taslama kuwwatlygyna çykarylanda bu ýerde öndürilýän önümleriň möçberi iki esse artdyrylar we ýaşlaryň ýene-de ýüze golaýyna iş orunlary dörediler. “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işjeň telekeçileri ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmäge, hususy ulgamda önümçiligi köpugurly esasda alyp barmaga döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Sapardurdy Ýaýlyýew.








