Her gezek zenan maşgalalarymyzyň edep-terbiýeliligi, maşgalany dolandyrmakdaky ukyp-başarnyklary, mähribanlyklary hakynda gürrüň açylsa ejem pahyr ýadyma düşýär. Eneleriň, dogrusy, ene sözüne mynasyp zenanlar hakda ýazylan, aýdylan zatlaryň aňyrsy-bärsi ýok. Hemmeleriň enesi mähribanam, mylaýymam, sarpalary belendem. Ýöne men ejem pahyr barada söz açmak bilen gaýynene bolan ýa-da indi bolmaly gaýynenelere mähriban ejem bilen bagly görenlerimi okyjylara ýetirmegi maksada laýyk bildim.
Ejem onlarça ýyllap üç gelniň gaýynenesi bolup gezdi. Ýöne men onuň gelinleri bilen sene-mene edişenini görmedim. Gelinleriniň nusgalyk däldiginem bilýän. Diýmek, ejem gaýynene hökmünde geçirimliligiň, mähribanlygyň, mylaýymlygyň tapylgysyz hazynasy bolan bolmaly. Çünki, gaýyn-gelin gatnaşygynda haýsam bolsa bir tarap geçirimli bolmasa maşgalada agzybirlik hezil berenok. Geçirimlilik üçinem düşünjelilik, belent adamkärçililik gerek. Latyn elipbiýinde bary-ýogy 3-4 harpy ýazyp bilen ejemiň durmuşa şeýle düşünjeliligi, adamkärçililigi nädip özünde jemläp bilendigine indi-indiler haýran galýaryn. Hatarymyzdaky uly-kiçi eltileri bilen gaty-gaýrym söz diýişeninem görmedim. Ýogsa, şol döwrüňem çözülmeli meseleleri bolandyr öz-ä. Şu babatda 35-50 ýyl öňki bir waka ýadymdan çykanok.
Goňşy Aksoltan gelnejemiziň ýagdaýy agyr diýen habar geldi. Uly jaýda hataryň aýal-erkegi üýşüp otyrdy. Şonda ejem pahyr gözleriniň ýaşyny süpürip, Aksoltan gelnejemiziň başujuna baryp:
— Aksoltan, razy bol. Ikimiziň hiç haçan agyryşan-ynjaşan ýerimiz ýokdur... — diýdi.
Bu jümläni jaýda oturanlaryň hemmesi eşidip otyrlar. Meniň pikirimçe, şol mähelläň içinde ýokardaky jümläni çekinmän aýdyp bilmek üçin ýokary ahlak hukugyň bolmaly...
Bir zady ýatlamagy zerur hasaplaýaryn. Ejem hakda ýazmak bilen, ejemiň illeriň ejesinden, üýtgeşikdigini nygtamakçy däldigimi okyjylara ýatladasym gelýär. Gürrüň bu ýerde ol pahyryň gaýynene bolmagyň, köp çagaly maşgalany dolandyrmagyň, mähirli-mylaýymlygyň, işeňňirligiň sözüň doly manysynda nusgalyk ynsan bolandygy barada barýar. Ejemiň çaga üçin ýa-da başga zat üçin hiç kim bilen gaty-gaýrym zat diýşenini eşitmedim.
Ejemiň işeňňirligine bu mysalam ýatlaýyn. Bir gezek goňşymyz — eltisi Ogulsona gelneje çäýnegini alyp ejemiň ýanyna çaý içmäge geldi. Ol wagtlar şeýle ýörelge bardy. Şonda ejem janyň aýagynyň uly barmagyna agtygy ýatan sallançagyň ýüpi daňylgy, özem saýgylap, ýuwup, tüýdüp taýýarlan ýüňünden jorap örmek üçin ik egrip, ýüplük taýýarlap otyr. Indi seredip otyryn welin, sallançag-a öz-özünden öwrelip dur. Ik egrilip, ýüplük taýýarlanyp dur. Bularyň daşyndanam ejem hem çaý içýär, hemem eltisi bilen dünýäniň gürrüňini edip otyr. Eýsem, şunuň özi işeňňirlik dälmi?
Ýa-da agtyklarynyň biri bir iş bitirse, begenip, “Bisähet gün at iýmleseň, sähetli gün haýry deger” diýerdi. “Bu näme diýdigikä?” diýsem, asyl ol “Ogul-gyzyňy, agtyk-çowlugyňy edepli edip ýetişdirseň haýry deger” diýdigi eken. Gelinlerine köp çagaly bolmagy sargap oturardy. “It bol — köp bol” diýen nakyly zol-zol gaýtalardy.
Maşgalany dolandyrmak üçin tygşytlylyk, işeňňirlik barada ýene bir mysaly ýatlaýyn. Biz oglankak her hojalygyň ýatagynda 10-12 sany goýny bolardy. Et gutarsa kakam pahyr goýun soýdurardy welin, o wagtlar sowadyjynyň nämediginem bilýän ýokdy: Jylka etiniň hemmesini garna dykardy. Onam ürgün çägä gömüp, iki-üç günden eýläk-beýläk agdaryp, suwuny alardy. Soňam ýylgyndan örülen sebede (uly gap) salyp goýýardy. Süňklerini ýylgyn taýaga düzüp, kölegede üstüne hasa ýapyp, asyp goýýardy welin, indiki goýun soýulýança huruşlyk bolýardy. Goýnuň kelleaýagynyň eti goşulyşyp, petir nandan iýip-doýup bolmaýan dograma taýýarlardy. Ýüňli bolsa, ýüňüni jorap örmek üçin ütüp alyp goýardy, derisinden tamdyrda gowaça çöpüniň ýalnyna gezip ýörkäň iýip ýörmeli tagamly gowka bişirerdi. Garaz, goýnuň toýnaklaryndan başga zady derde ýaraýardy. Eýsem, şunuň özi işeňňirligiň nusgasy dälmi?!
Meşhur mirasgär Ümür Esenden näme üçin gadymy döwürlerde azyk önümlerini ýylgyndan örülen sebetde saklandyklaryny, süňkleri ýylgyn taýaklaryna düzendiklerini soranymda onuň:
— Bo-how, jan ogul, ol adamlaryň sowady ýetik bolupdyr. Ýylgynyň zyýansyzlandyryjy häsiýeti (bakteriýalaryň öňüni almak) bolup, atalarymyz azyk-owkat saklamakda ýylgyndan peýdalanypdyrlar. Ýylgyn etiň-ýagyň tiz zaýalanmagynyň öňüni alýan bolmaly. Şonuň üçinem ýylgyndan peýdalanypdyrlar — diýeni ýadyma düşýär.
Ene — mukaddeslige ýugrulan sylag-sarpanyň belentligidir. Bu belentlikde çäksiz mähribanlyk, mylaýymlyk, salyhatlylyk, adamkärçilik, sabyrlylykdan geçirimlilik we işeňňirlik jemlenendir. Şu we beýleki iň ýagşy häsiýetleri hemra edinen enelere tagzym etmelidiris. Ýene-de ejemiň häsiýetlerine dolanmaga mejbur bolýaryn. Çagalary, agtyklary, hojalyk üçin dynuwsyz ylgap ýörenem bolsa, zeýrenenini hiç eşitmedim. Çagalaryna, agtyklaryna enäniň diline asla gelişmeýän paýyş sögeniniň şaýady bolmadym. Belki, durmuşymyzyň görkanalygy mähremden mähriban, soňky nesillere nusgalyk eneleriň bolandygyndan, şeýle eneleriň aramyzda köpdüginden bolmagam ahmal...
Baýram AMANOW.








