Az sözlemegi, az iýmegi, az ýatmagy öwren!
Beden türgenleşiklerini yzygiderli edýän adam bejerilmäge seýrek mätäçdir.
Diňe söz bilen bejerilmeli näsaglar hem bar.
Gije-gündizi üçe bölüp, 8 sagat işlemeli, 8 sagat dynç almaly, 8 sagat uklamaly.
Uzak ýaşamak isleseňiz yzygiderli bal iýiň!
Zähmet ýaşaýşyň özenidir.
Zähmet ähli kesellerden halas edýän asylly tebipdir.
Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz.
Gyşyň gursagy giň.
Güýzki gatyk — kümüş kaşyk, ýazky gatyk — ýarty aşyk.








