Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýurdumyzyň telekeçileri we hususyýetçileri Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň özlerine döredip berýän mümkinçiliklerinden tutanýerli peýdalanyp, ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrýan azyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Mary welaýatyndaky ,,Täze aý“ hojalyk jemgyýetiniň süýt önümlerini öndürýän kärhanasynda hem bäsleşige ukyply önümleri öndürýän şeýle kärhanalaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatyndaky ,,Täze aý“ hojalyk jemgyýetiniň süýt önümlerem ýurdumyzyň ak bazarlarynda haryt bolçulygynyň emele getirilmegine mynasyp goşant bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan bu hususy kärhananyň süýt we süýt önümlerini öndürýän bölüminde-de täze ýylyň öňi syrasynda süýt önümleriniň ençeme görnüşi öndürilip, ilata elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Bu ýerde önüm öndürmekde zerur çig mal bolan süýt ilatdan hem-de maldarlardan iki tarapa bähbitli ylalaşyk esasynda alynýar we hususy kärhanada oturdylan dünýäniň ösen tehnologiýaly enjamlarynyň kömegi bilen gaýtadan işlenilýär. Kärhanada esasy öndürilýän önümleriň biri bolan doňdurmanyň 50-den gowrak görnüşi öndürilip, hili hem harytlyk görnüşi ýokary bolan bu önümler häzirki tomus paslynda ilat tarapyndan aýratyn uly islege eýe bolýar. Her günde 40-50 tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan bu kärhanada gaýmagyň, gatygyň, aýranyň, peýniriň, miweli ýogurdyň, dorogyň we mesge ýagynyň hem uly mukdary öndürilýär. Döwrebap atlar bilen atlandyrylyp, gelşikli gaplara gaplanylýan bu azyk önümleri içerki we daşarky bazarlara yzygiderli ugradylýar. Bu kärhananyň ýörite hil barlaghana otagynda hem hünärmenler tarapyndan ilatdan alynýan süýdüň we bu ýerde öndürilýän her bir önümiň hil derejesi aýratyn barlanylýar. ,,Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemleýän bu hususy kärhananyň işgärleri bäsleşige ukyply azyk önümlerini öndürmekde şu günler hasam tutanýerli zähmet çekýärler. Işleri iki çalşykda alnyp barylýan bu kärhanada ýaşlaryň ýüzlerçesiniň önjeýli zähmet çekmekleri üçin hem ähli şertler döredilipdir. Geljekde şeýle azyk önümleriniň täze görnüşlerini öndürmekligi özlerine baş maksat edinýän bu kärhananyň işgärleri telekeçilere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýdýarlar.
Azat Beglanow.








