Türkmengala etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň agzybir kärendeçileri toprakdan bol hasyl almak bilen oba hojalyk ulgamynyň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar üstünliklere beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bereketli bugdaý hasylyny ýetişdirdiler. Şeýle-de, gowaçadan bol hasyl almak üçin pagtaçy kärendeçiler tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler. Hojalyk boýunça 100-den gowrak kärendeçiniň eýelik etmeginde 963 gektar ýerde bol hasyl ugrunda aladalanylýar. Her bir kärendeçi gyzgalaňly dowam edýän möwsümleýin işleriň öz wagtynda kada görä ýerine ýetirmelidigine örän oňat düşünýär. Onuň netijesinde işler agrotehnikanyň talaplaryna görä guramaçylykly alnyp barylýar.
Daýhan birleşiginde öz başarnygy bilen tanalýan kärendeçilerden Çary Amanowy agzamak bolar. Onuň 17 gektar kärende ýeri bolup, maşgala agzalary bilen agzybirlikde işleýärler. Ol indi birnäçe ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp, ekine ideg etmegiň abyny-tabyny alyp, hemişe gowy hasyl almagy başarýar. Tejribeli kärendeçi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýunyň belleniljek ýylynda hem hasylynyň bereketli bolmagy ugrunda aladalanýar. Otag, ýekeleme, suw tutmak, iýmitlendirmek işlerini wagtly-wagtynda ýerine ýetirýän kärendeçiniň kadaly boý alýan hasylyndan göwni hoşal. Kärendeçi zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny, hojalygyň başlygy Guwanç Aşyrowyň we beýleki hünärmenleriň aralarynda bolup, gerek kömekleri dogrusynda gyzyklanýandyklaryny gürrüň berýär. Bagtyýar durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekip baýamaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýdýar.
Biz hem öz gezegimizde rysgyny toprakdan gözläp, bereketli hasyl ugrunda aladalanýan tejribeli kärendeçi Çary Amanowa işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.