Bir okda iki towşan awlamak — bir bada iki sany bähbitli işi ýerine ýetirmek, iki bähbidiňi birden bitirmek.
Bolsa bäş, bolmasa ýigrimi bäş — tapawudy ýok.
Böwre sanjy bolmak (dürtüp durmak) — ynjalykdan aýyrmak, gozgalaňa salmak.
Böwrüňe diň salmak — böwrüňi diňlemek, böwrüňe geňeşmek.
Buz üstünde tozan aramak — bahana gözlemek, biderek zady bahana edip iňirdemek, sebäpsiz yrsaramak.
Burny ganamazlyk — horluk, zulum görmezlik, sütem çekmezlik, zyýan, zelel çekmezlik. Burny deşilen ýaly bolmak — rahatlanmak, ynjalmak, ýuwaşamak.
Bäş beter bolşundan-da artyk, has erbet, has ýaman.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.








