Barmagyňy dişlemek — 1. Geň galmak, haýran galmak. 2. Eden işiňe ökünmek, gynanmak. Bary bilen bazar etmek (eýlemek) — ýagdaýyňa görä bolmak, bar zat bilen oňmak, oňşuk etmek, kanagatlanmak.
Baryp ýatan — çakdan aşa, iň gowy ýa-da iň erbet, aňrybaş, tüýs.
Basalyk bolmak — göwünlik bermek, göwnüni almak, köşeşdirmek.
Basan yzyna degmezlik — birinden pes bolmaklyk biriçe bolmazlyk, biri bilen deňeşdirilende arzysy bolmazlyk.
Basga galmak (düşmek) — howsalaly ýagdaý aralaşmak, bikarar, başagaý bolmak, howsala düşmek, aljyramak.
Bahasy bir köpük — hiç zadyň alnyndan däl, biderek, bolgusyz.
Baş agyrtmak — 1. Azar bermek, azara goýmak, ýürege düşmek, irizmek. 2. Gürrüň etmek, agzamak. 3. Azara galmak, ünji edinmek.
Baş galdyrmak — 1. Üns bermek, pikirlenmek, oýlanmak. 2. Baş götermek.
Baş garyşmak — pikir bulaşmak, aljyraňňylyk aralaşmak.
Baş gaçyrmak — birinden ýa-da bir zatdan boýun towlamak, gaça durmak, el çekmek, dänmek.
Baş görmezlik — düzgün-terbiýe öwredilmezlik. Başdan agdyk — çendenaşa köp, uçursyz kän.
Baş urmak — bir işi edip başlamak, bir käre-hünäre ulaşmak.
Başyna ala ýabylynyň gününi getirmek (salmak) — enterpelegini öwürmek, baş alyp gitmäge mejbur etmek.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.








