Agzyňa suw alan ýaly bolmak — geplemän oturmak, dymyp oturmak, gürrüňe goşulman oturmak.
Agzyndan al alsyn (kaksyn) — daş etsin, ýaman niýetden daş edewersin, beýle zada duçar etmäwersin.
Agzyňy gury çöp bilen çalmak — bar zadyňy ýok diýip aýtmak, ýoksuz bolan bolmak.
Agzyňy sala (salajan) goýbermezlik — paýyş söz aýtmazlyk, gödek söz aýtmazlyk.
Agzyňy tanatmak — gowşak tarapyňy bildirmek, gowşaklyk etmek, çendenaşa içginlik edip, özüňe öwrenişdirmek.
Agramly söz aýtmak — ýokuş degýän, göwün agyrdýan söz aýtmak, namysa degýän söz diýmek, käýemek.
Agy-garany saýgarmak (seljermek) — aga-gara düşünmek.
Agyzda bolmak — il arasynda gürrüňi edilip durmak, adyň agzalyp durmak, adyň çykmak.
Agzyndan kesmek — elinden almak, alyp peýdalanmak.
Agyz deňemek (deňeşdirmek) — deň sanaşmak, sene-mene edişmek, dawalaşmak.
“Türkmen diliniň frazeologik
sözlügi” kitabyndan.