Wawwaly ýaly — ýuwaşlyk bilen, örän eserdeňlik bilen, emaý bilen, seresap.
Wag bermek — gykylyk, galmagal etmek, gopgun turmak, ses-üýn alşar ýaly bolmazlyk, köp bolup bir ýere üýşmek.
Wagty hoş bolmak — göwni bitmek, hoşal, razy bolmak.
Wagtyňy hoşlamak (çaglamak) — göwnüňi açmak, lezzet almak, hezil etmek.
Wadaňy ýuwutmak (ýere salmak) — beren sözünde tapylmazlyk, ähtinden dänmek.
Waz ýasamak — gyssanmaç gitmek, tiz gitmek.
Warsaky urmak — biderek ýaňramak, bolgusyz, boş gürrüň etmek.
Weji gaçmak — kuwwatdan düşmek, ugry bolmazlyk, sussy peselmek, halys ýadamak.
Weli bolmasa Welije — ol bolmasa başga biri, ol bolmasa beýlekisi.
Welilik satmak — öňünden bilen bolmak, köpbilmişlik etmek, öňünden görüjilik eden bolmak.
Welisi bar — emmasy bar, anyk, açyk däl, gümürtik.
Gabal basmak — howsala düşmek, gabanmak.
Gazan gulagy gyzmak — nahar bişirilmek, nahar-şam taýýarlanmak.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.








