Jümleler näme diýýär?!
weather mary 37° C Mary
weather mary 37° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Jümleler näme diýýär?!

35 09.07.2025

Agzyna gulp urmak — geplemez ýaly etmek, agyz ýaryp bilmez ýaly etmek, agzyna berk bolmaga mejbur etmek.
Agzyna salyp bermek —aýtjak gepini aýdyp bermek, diýjek zadyny salgy bermek, öwretmek.
Agzyna sogan dogramazlyk — äsgermezlik etmeklik, aýdanyny diňlemezlik, sylag--hormat goýmazlyk.
Agzyny ýerden tapan  ýaly — hetdenaşa köp gepleýän, bolgusyz zatlar barada lakgyldap ýörýän.
Agzyny ysgamak — içginsirän bolup, bir zat barada biriniň pikirini bilmäge çalyşmak, osmakladyp sorap, pikirini biljek bolmak.
Agzyň gyzmak — gyzyşyp hetdenaşa köp gürlemek, artykmaç ýaňramak.
Agzyň ýelini almak — 1. Gürläp keýpden çykmak, müň gepiň başyny agyrtmak. 2. Biriniň üstüne gygyrmak, käýinmek.
Agzyna zäk (öt) atylan ýaly bolmak — ýakymsyz gürrüň, habar eşidip, örän gynanmak, bir waka üçin awunmak.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.

4
4 31.07.2025
“Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny gollamak Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumynda hem aýdyň göz ýetirmek bolaýar. Bu toplumda ýetişdirilýän mallardan alynýan süýt önümi ýurdymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna önjeýli goşant goşýan birnäçe önümçilik kärhanalara çig mal bolup durýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň işjeň agzasy bolan “Gözbaş” hususy kärhanasynyň bu maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda daşary döwletlerden getirilen köp süýt berýän “Golşteýn” tohumly iri şahly mallar irginsiz idegler esasynda ýetişdirilýär. Bu ýerde häzirki döwürde alty ýüzden köpräk gara mal bolup, şolaryň iki ýüzi sagylýan sygyrlardyr. Mallaryň galan bölegi bolsa baka goýlan gara mallar we ýaş gölelerdir. Bu ýerde maýda mallaryň hem dört ýüz segsensi ýetişdirilýär. Toplumda mallara zooweterinariýanyň talaplaryna doly laýyk ideg edilmegi netijesinde her günde bir tonnadan köpräk süýt öndürilýär hem-de sarp edijilere ugradylýar.  Önümçilik kuwwaty ýokary bolan bu tolumyň möwsüminde dört tonnadan gowyrak süýdi öndürmäne hem doly mümkinçiligi bar. Toplumynda dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň iň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligi döwrebap, ylmy esasda guramaga uly ýardam berýär. Bu ýerde mallara ýokary derejede ideg etmek üçin gerek bolan iýmitlendirmek, sagmak we beýleki işler mehanizmleriň, ýörite enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Maldarçylyk toplumynda döwrebap gurlan ýörite ýataklaryň bolmagy hem talabalaýyk ideg etmeklige şertler döredilen. Mallaryň ýokumly, witaminli ot – iýmler bilen birkemsiz üpjün edilmegi sygyrlardan gündelik saglyp alynýan süýdüň mukdarynyň artmagyna, baka goýlan mallaryň bolsa sagdyn ösmegini üpjün etýär. Toplumda mallar üçin zerur bolan ot – iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin iki ýüz elli gektar ýer bölünip berlipdir. Toplumyň hünärmenleri şol ýerlerde ýorunja, arpa, mekgejöwen we beýleki ot – iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki günlerde bu ýerde mallara gyş döwri üçin ýokumly otlary taýýarlamak işleri gyzgalaňly ýagdaýda, ýokary depginde alnyp barylýar. Döwletimizde ýokary hilli maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga saldamly goşant goşmagy aýdyň maksat edinýän “Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň hünärmenleri geljekde sagylýan sygyrlaryň sanyny düýpli artdyrmagy özlerine baş wezipe edinýärler. Olar telekeçilik işlerini ösdürmäge berýän kömekdir – goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.

11
11 31.07.2025
Merkezi Aziýanyň çempionlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportyny ösdürmek, onuň halkara abraýyny ýokary götermek ugrunda etýän aladalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilen. Şol amatly şertlerden ruhlanýan türkmen türgenleriniň dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp gazanýan üstünlikleriniň hoş habary ähli halkymyzy begendirýär. Dünýäde giňden ýaýran pähim-paýhas oýuny hasaplanýan sportuň küşt görnüşi boýunça Mary welaýatynyň türgenlerem halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolýarlar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hatarynda Mary welaýatyndan çykyş eden  küştçüleriň ikisi Gyrgyzystan döwletiniň Çolpan-Ata şäherinde tamamlanan Küşdüň nusgawy görnüşi boýunça 8, 10, 12, 14, 16, 18 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlik gazandylar.  Mary welaýatyndan ýaşajyk küştçi Anna Çaryýewa iýul aýynyň 20-29-y aralygynda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda birinji orny eýelemegi başardy. Ol altyn medaly gazanyp, Merkezi Aziýanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Şeýle-de Mary welaýatyndan bu ýaryşda 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Alyhan Batyrow ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldy. Ýaşajyk küştçüleriň ikisine-de Halkara küşt federasiýasynyň sport ussatlygyna dalaşgär diýen dereje berildi. Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň türgenleri, Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Anna Çaryýewa hem-de Mary şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Alyhan Batyrow ýaşlygyna garamazdan zehinlije küştçiler diňe bir welaýat, ýurt derejesindäki ýaryşlardan daşary hem halkara, Aziýa, Dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp öz tejribesini barha artdyrýarlar. Olar Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi, “Watana bolan söýgüsi üçin”  medalyň eýesi Ejegyz Ýalkanowanyň halypalyk etmeginde küşdüň inçi syrlaryny ussatlyk bilen ele alýarlar.  Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, tejribeli küştçi Anna Çaryýewa 2024-nji ýylda Taýland döwletinde geçirilen Aziýa çempionatynda hem ýurdumyza kümüş medal bilen,  2025-nji ýylyň aprel aýynda Gresiýa döwletinde küşdüň Rapid görnüşi boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda bürünç medal bilen Watanymyza dolanandygyny bellemek gerek.  Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde 8, 10, 12 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen Halkara küşt ýaryşynda-da Anna Çaryýewa küşdüň blitz görnüşinde 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Altyn medala, Alyhan Batyrow bolsa 12 ýaşly oglanlaryň arasynda rapid görnüşi boýunça kümüş medala eýe boldylar.  Öz öňlerinde belent maksatlary goýýan ýaşajyk küştçiler we olaryň halypa tälimçisi ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler bu üstünligiň esasy başlangyjydygyny buýsanç bilen belleýärler. Watanymyzyň sport abraýyny ýokary götermekde, türkmen türgenlerine döredilýän bu giň şertler, berilýän goldawlar bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesi bolup durýar. Türkmen türgenlerine şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly  Prezidentimize Mary welaýatynyň türgenleri we tälimçileri tüýs ýürekden sag bolsun aýtýarlar. Geljegine uly umyt bildirilýän ýaşajyk küştçiler geljekde-de ýaşyl tugumyzy ýene belende götermegi maksat edinýärler.  Gülnabat GÜLLEKOWA

11
11 31.07.2025
Halkara foruma bagyşlanylan maslahat uly ähmiýete eýe boldy

Ýakynda Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman özgertmeleri” diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň bilim işgärleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara forumyna görülýän taýýarlyk, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýe bolýandygy dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.

4
4 31.07.2025
TÜRKMENISTAN — DOST-DOGANLYK MEKANY

Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, TDMG-niň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň hem-de şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow çykyş etdi we duşuşygy alyp bardy. Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Atamyrat Ballybaýew, Türkmenistanyň Döwlet m igrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň uly gözegçisi Kümüş Kalinowa, şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi Mahym Mämmetdurdyýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde döwletleriň arasynda işjeň gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy barada nygtadylar. Şeýle-de, olar daşary ýurtlara okamak, işlemek, syýahat etmek maksady bilen gitmek isleýän raýatlara şol ýurda barmak üçin wizanyň ýa-da degişli rugsatnamanyň zerurdygy we ony resmileşdirmegiň tertibi barada anyk maglumatlary, degerli maslahatlary berdiler.   Annagözel SARYÝEWA.

6
6 31.07.2025
Bagy-bossanlyga beslenýär Diýar

Golaýda etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynda TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Bagy-bossanlyga beslenýär Diýar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri  hem-de işjeň agzalary, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň tälimçileridir türgenleri gatnaşdylar. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Mahym Hojagulyýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Kakageldi Rejepow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Gülşat Töräýewa, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň direktory Çary Abdyrahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda gözel Diýarymyzda ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrmagyň, ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň möhüm ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde birnäçe işleri durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  Kerim ALTYÝEW.

5
5 31.07.2025
Ösüşli döwrümiz kämillige tarap

Şeýle at bilen etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Maslahata Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň  işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy Aýsoltan Hudaýberdiýewa, 3-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Oguljemal Annageldiýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň ýeten ajaýyp ösüşleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi barada buýsançly gürrüň etdiler.   Sona GURDOWA.

4
4 31.07.2025
Berkarar döwletiň bagtyýar nesli

Golaýda şeýle at bilen welaýatymyzdaky “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. TAP-nyň welaýat, Mary şäher, Mary etrap komitetleriniň guramagynda geçirilen çärä merkeziň işgärleri, şeýle-de wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar gatnaşdylar.  Wagyz-nesihat çäresinde TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TAP-nyň Mary etrap komitetiniň hünärmeni Laçyn Ataýewa, TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Mekan Annadurdyýew çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň sagdyn, ruhubelent, ösen dünýägaraýyşly bolmagy, wagtlarynyň şadyýan geçmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty hakynda durup geçdiler.  Çäräniň ahyrynda merkezde zähmet çekýän mugallymlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.  Durdynabat BAÝRAMOWA.

14
14 30.07.2025
Gelmediň (Aýdym)

Bägül ekdim, gunça açdy, Gül ýolmaga gelmediň. Baglarymda iýmiş bişdi, Näzli ýarym, bilmediň. Läläm, seni altyn Aýyň, Ýalkymyndan gözleýän. Joşly derýaň şelpe kakýan, Tolkunyndan gözleýän. Däli köňlüň aýdymyna, Diň salmaga gelmediň. Aýnaňyzdan ogryn bakdym, Birje nazar salmadyň. Baýra çykdym, dünýä bakdym, Köňlüm karar tapmady. Näzli ýarym, kän garaşdym, Mende köňlüň ýokmudy?! Nury BAÝRAMOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

15
15 30.07.2025
Çaga — eziz, edebi  ondanam  eziz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, ýaşlara dünýä derejesinde bilim we terbiýe bermek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň esasy borjudyr. Çünki, ajap eýýamymyzyň ertirki gününiň abadan bolmagynyň aladasy şu günden başlanýar. Bu derwaýys alada ajaýyp döwrümiziň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr.  Ýaş nesli sazlaşykly ösen ruhda ýetişdirmegiň esasy ugurlarynyň biri zähmet terbiýesidir. Zähmet terbiýesi, agzybir, asuda hem jebis türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin ukyply, ruhubelent hem sagdyn, gaýratly hem başarjaň şahslary kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Ata Watanyň,          il-günüň bähbidi, ýaşaýyş-durmuşyň eşreti, her bir ynsanyň bol-telki ýaşamagy üçin işe ukyply bolmagyň zerurdygy baradaky düşünjeleri ýaşlaryň aňyna guýmak, şeýle ýörelgeleri ýaşlaryň islegine hem endigine öwürmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Terbiýeçilik işiniň bu ugry öz gözbaşyny maşgala ojagyndan alyp gaýdýar. Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde esasy orun maşgala degişlidir. Çaganyň ilkinji mekdebi maşgala, ilkinji terbiýeçisi hem          ata-enedir. Çaganyň akylly-başly, ýokary ahlakly, sagdyn, gözellik dünýäsine düşünýän, zähmete ukyply adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň orny biçak uludyr. Diýmek, maşgalada çaga terbiýesi möhüm bolup, esasy jogapkärçilik ene-atanyň egnine düşýär. Ogul perzent atadan görelde alsa, gyz çaga eneden görelde alýar. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakylda şeýle diýilýär: “Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar. Eneden nesihat alan gyz keýwany bolar”. Gyz çaga terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary, edep kadalaryny, öý işlerini, el işlerini öwretmek her bir enäniň mukaddes borjudyr.  Perzendi akylly-başly terbiýelemek ata-enäniň baş maksady bolup durýar. Bu bolsa ata-eneleriň üstüne uly borçlary, şol sanda çagalarda zähmete söýgini terbiýelemek wezipesini hem ýükleýär. Maşgalada berilýän zähmet terbiýesiniň görnüşleri dürli-dürlüdir. Öz-özüňe hyzmat ediş, öý-hojalyk, öndürijilikli zähmet... bularyň hemmesi maşgalada amala aşyrylýan zähmet terbiýesiniň esasy görnüşleridir. Şu ýerde, ata-babalarymyzyň aýdyp geçen ýene bir nakylyny ýatlamakçy: “Gyz öýüň torbasy, ene onuň urbasy”. Ata-enä, ýaşuly adamlara hyzmat etmek, kiçiler hakda aladalanmak,    biş-düş arassaçylyk işlerine gatnaşmak, ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik ýaly pişeler bilen meşgullanmak maşgalada durmuşa geçirilýän zähmet terbiýesiniň süňňüne ornaşyp gitdi. Çagalaryna iň irki ýaşdan başlap zähmet endiklerini öwredýän ata-eneler hakykatdan-da mukaddes iş edýärler. Döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň geljegi bolan her bir çaganyň maşgalada ata-ene tarapyndan dogry we doly terbiýelenilmegi üçin düýpli alada etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Mekdep, mugallymlar bolsa, şol terbiýäniň dowamydyr. Gahryman Arkadagymyzyň,   Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Aýgözel TÄŞLIÝEWA.

11
11 31.07.2025
Halkara foruma bagyşlanylan maslahat uly ähmiýete eýe boldy

Ýakynda Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman özgertmeleri” diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň bilim işgärleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara forumyna görülýän taýýarlyk, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýe bolýandygy dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.

4
4 31.07.2025
TÜRKMENISTAN — DOST-DOGANLYK MEKANY

Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, TDMG-niň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň hem-de şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow çykyş etdi we duşuşygy alyp bardy. Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Atamyrat Ballybaýew, Türkmenistanyň Döwlet m igrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň uly gözegçisi Kümüş Kalinowa, şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi Mahym Mämmetdurdyýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde döwletleriň arasynda işjeň gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy barada nygtadylar. Şeýle-de, olar daşary ýurtlara okamak, işlemek, syýahat etmek maksady bilen gitmek isleýän raýatlara şol ýurda barmak üçin wizanyň ýa-da degişli rugsatnamanyň zerurdygy we ony resmileşdirmegiň tertibi barada anyk maglumatlary, degerli maslahatlary berdiler.   Annagözel SARYÝEWA.

6
6 31.07.2025
Bagy-bossanlyga beslenýär Diýar

Golaýda etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynda TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Bagy-bossanlyga beslenýär Diýar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri  hem-de işjeň agzalary, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň tälimçileridir türgenleri gatnaşdylar. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Mahym Hojagulyýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Kakageldi Rejepow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Gülşat Töräýewa, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň direktory Çary Abdyrahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda gözel Diýarymyzda ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrmagyň, ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň möhüm ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde birnäçe işleri durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  Kerim ALTYÝEW.

5
5 31.07.2025
Ösüşli döwrümiz kämillige tarap

Şeýle at bilen etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Maslahata Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň  işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy Aýsoltan Hudaýberdiýewa, 3-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Oguljemal Annageldiýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň ýeten ajaýyp ösüşleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi barada buýsançly gürrüň etdiler.   Sona GURDOWA.

26
26 30.07.2025
Şanly ýylyň möhüm wakasy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu waka mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş-özgerişli menzilleri rowaç alýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýan döwletimiziň halkara at-abraýy hem täze belentliklere çykýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Muňa Türkmenistanymyzyň halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň geçirilýän  ýurduna öwrülendigem şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4—8-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy bolar. Gahryman Arkadagymyzyň  gürrüňi edilýän halkara maslahatyna  taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda eden çykyşynda  belleýşy ýaly, dünýäniň döwletleriniň 32-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bu halkara forumynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Watanymyzyň halkara abraýynyň has belent derejelere çykmagyna ýardam edýändigini görkezýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu maslahatyň maksady Milletler Bileleşigine agza Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyna ýardam bermek bolup durýar.  Merdan ORAZMEREDOW.

49
49 28.07.2025
TÜRKMENISTAN - DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Ata Watan dost-doganlyk mekany» diýlip atlandyryldy. 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent işleri ýaşlar köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk Mary şäher Iç keselleri hassahanasynda boldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçylary, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri, şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň ykdysatçysy Wepa Hojaýew, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Enebaý Italmazowa, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maral Gulowa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljekdigi we onuň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ençeme işleriň alnyp barylýandygy hakynda gürrüň etdiler.  Şeýle-de, Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler dogrusynda buýsançly nygtadylar.                                                              Resul BAÝRAMOW

48
48 28.07.2025
Parahatçylyk ýoly adamzadyň gymmatlygydyr

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Parahatçylyk ýoly adamzadyň häzirki we geljekki nesilleri üçin ählumumy gymmatlykdyr” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň welaýat bölüminiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew açdy we alyp bardy. Onda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşary ýurt bölümi bolan Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy Şirmuhammet Ýeňiş, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDEI-niň mugallymy Merdan Orazmeredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hünärmeni Mähri Seýtiýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmeni Şirin Seýidowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem ýurdumyz boýunça şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýola goýulýan işler dogrusynda durup geçdiler. Şol sanda maslahatda üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi barada nygtadylar. Dabaraly  maslahatyň dowamynda  aýdym-sazly çykyşlara-da  giň orun  berildi. Ýaňlanan ajaýyp owazlar  oňa  gatnaşyjylara  ruhy lezzet  paýlady. Amandurdy ŞADYÝEW.

21
21 28.07.2025
Diýar Bitaraplyk toýuna barýar

Golaýda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Diýar Bitaraplyk toýuna barýar” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrabyň ýaşaýjysy Jumamyrat Muhammedow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Täşliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilendigi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada buýsançly gürrüň etdiler.  Sülgün AKMYRADOWA.

59
59 28.07.2025
Halkara maslahatyna bagyşlanyldy

Şu günler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu möhüm waka mynasybetli duşuşyklar we maslahatlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda TSTP-niň welaýat komitetiniň mejlisler zalynda “Awaza forumy: Watanymyzyň parahatçylyk taglymaty” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygy TSTP-niň welaýat komiteti gurap, oňa komitetiň işgärleri, işjeň agzalary we telekeçiler gatnaşdylar. Maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, “Ak çeşme” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynyň hünärmeni Myrat Möwliýew, telekeçi Maýsa Anzarowa çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Baýram AMANOW.

562
562 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

482
482 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

703
703 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

551
551 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

545
545 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

648
648 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

453
453 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

481
481 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.