Agza (dile) düşmek — ile gürrüň bolmak, bir waka barada il içinde gürrüň ýaýramak.
Agzy gowşak — özüni oňarmaýan, iş başarmaýan, agzy açyk, lellim, nalajedeýin.
Agzy ýetse gulagyny iýjek — gara nebsiniň ýesiri, nebsewürlik edýän, alarman, ýolarman.
Agzy mumly (mumlanan) ýaly — gürlemezek, geplemezek, dymma.
“Türkmen diliniň frazeologik
sözlügi” kitabyndan.