Il arasynda halkymyzyň gadymy saz gurallarynyň biri bolan jüljül barada şeýle rowaýat bar. Gadym döwürlerde bir patyşa ýaşapdyr. Onuň özgelerden tapawutly tarapy: ol guşlaryň diline düşünipdir, olaryň dilini öwrenipdir. Garaz, islendik guş bilen gepleşip, pikir alşyp bilipdir. Ol üç guşa — jüljüle, bilbile we zülzüle aýratyn sarpa goýupdyr. Çünki, bu guşlaryň keşbem, owazam üýtgeşik bolupdyr. Adamlar bu guşlaryň saýraýyşlaryndan lezzet alypdyrlar. Aýdyşlaryna görä, ilkinji saz gurallarynyň döremegine-de hut, şu guşlar sebäp bolupdyr. Ylhamy joşýan sazandalar ýörite dag-derelere baryp, tokaýlarda bolup, täsin saýraýan şol guşlary diňläp, şolaryňky ýaly owaz döretmek üçin saz gurallaryny ýasamagy makul bilipdirler. Jüljül şol döredilen saz gurallarynyň ilkinjisi bolupdyr. Ol özüniň gözbaşyny baryp, Nuh eýýamyndan alyp gaýdýar. Guşlaryň owazy patyşa-da, alyma-da, daýhana-da, çopana-da, ýetginjege-de, çaga-da, gelin-gyzlara-da, garaz, ähli adama ýakymly täsir edipdir.
Gürrüňimizi jüljül bilen dowam etdirsek, olary çalýan adamlara jüljülçiler diýipdirler. Olar islendik toý-dabaranyň arzyly myhmany bolupdyrlar. Bu saz guraly daşky görnüşi boýunça jüljül guşuny ýatladypdyr. Onuň petekesinde hem-de her ganatynyň aşagynda bir deşik bolupdyr. Jüljülçi saz çalanda onuň çüňküne üfläp çalypdyr. Halkymyzda uludan tutulan toýlarda jüljülçileriň arasynda bäsleşikler hem geçirilipdir. Kim ýeňiji bolsa, oňa gymmat bahaly sylag-serpaýlar hem ýapylypdyr. Halkymyzyň saz sungatynda uly meşhurlyga eýe bolan “Jüljül saýraýşy”, “Guş mukamy” ýaly sazlar täsin hem ýakymly sesli şol guşlar bilen baglanyşyklydyr.
Annamyrat BERDIMYRADOW.