“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda jemgyýetimizde möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka işjeň taýýarlyk görülýär. Şu günler Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu şanly ýylymyzyň wajyp wakasy bolmak bilen, oňa taýýarlykly barmak we guramaçylykly geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda öňde durýan saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu mesele boýunça syýasy partiýalar we raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisleri we ýygnaklary geçirmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakanyň talaba laýyk geçirilmegine hemmämiz saldamly goşandymyzy goşmalydyrys.
Resul BAÝRAMOW.








