Ir wagtlar bir adamyň iki ogly bolupdyr. Ol ogullaryny kärli-hünärli etmek üçin ussa şägirtlige eltýär. Ussa ol adama:
— Bolýar, işläp gezibersinler — diýipdir.
Ondan soňra alty-ýedi aý geçipdir welin, ussa ol oglanlary synamak maksady bilen oduna ugradýar we “Deger-degmez odunlardan saýlaşdyryp getiriň, ojaga gerek bolýar” diýip sargapdyr. Oglanlaryň biri gören odunyny omrup-jomrup, dessine ýüklenip gelse, beýlekisi uzakly gün selpäp, ahyry bir garyş, ýarym garyş ýaly pakrawsy agajy alyp gelipdir. Onuň getiren odunyny görüp biraz gaharlanan ussa:
— Ýeri, uzakly gün selpäbem, getireniň şujagaz odunmy? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
— Halypam, men-ä näçe sermensemem, derde degmejek agaja duşup bilmedim. Olaryň biri aňňala sap boljak, biri maňňala. Birinden ik çyksa, birinden jyk çykjak. Ser salanyň: “Meni oda oklamaweri! Eger eýgerip, teşe tutubilseň, pylan ýere şaplaşyp duraryn” diýýän ýaly. Ynha, şu elimdäki odun daşyndan göräýmäge çüýrüksi ýalydyr. Emma hötdesinden gelmegi oňarsaň muny hem ulanyp boljak ýaly — diýip, jogap beripdir. Şonda göwni ganatlanan halypa:
— Tüweleme, tüweleme! Hemme zat gözündäki adam tapylgysyz kişidir. Onuň aýawlylygy üşükliligine sepleşäýse-hä bar onsoň. Ondan ilk-ä ussa çykar, soňam ussat — diýip, dillenişine arkasy odunly geleni yzyna gaýtaryp, beýleki ýigidi şägirtlige alyp galypdyr.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Baýram ANNADURDYÝEW.








