Çökelik — aýrandan alynýan önüm.
Çöwlüm — ýapdan ýa jardan akýan suwuň çuň ýeri.
Çöwsi — gara öýi ýel ýykmazlyk üçin öýüň depesinden üstaşyr atanaklaýyn geçirilip, iki ýan ýüzünde gazyga daňylýan ýüp.
Çöwsigazyk — çöwsi daňylýan gazyk.
Çukry — boýy 40-100 santimetre ýetýän köpýyllyk, otjumak, ýabany derman ösümlik.
Çulba — dagyň, depäniň beýik ýeri. Beýik depe.
Dargyl — goňrumtyl, sary reňk.
Delbi — däneliler maşgalasyna degişli uzyn, inçe baldakly, sähralyk ýerlerde gögerýän, seline meňzeş ot.
Dele — däneliler maşgalasyna degişli bolan bogun-bogun baldakly meýdan oty.
Asiýa — suw degirmeni.
Atýüwrük — daşy ak, içi gyzgylt tozly kömelek. Şol kömelegiň içindäki tozy.
Toplan
Annamyrat HOTJYÝEW.








