Mary myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň we Mary welaýat Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary we partiýanyň işjeň agzalary uly ruhybelentlikde gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy, abadançylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orna eýedigini belläp geçdiler. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşanlar dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin,türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Aýgül Berdiliýewa.








