Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygaryndan äşgär bolşy ýaly, üstümizdäki ýyl halkara ähmiýetli wakalary bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň guwançly miwesidir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 30 ýyla golaý geçen döwrüň içinde Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk taglymaty täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda, birek-birege hormat goýup, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsiri ýokarlandy. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara at-abraýy hil taýdan täze derejelere çykdy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady ählumumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletimiziň Bitaraplygy halkymyzyň parahat, asuda durmuşda abadançylygynyň ygtybarly kepilidigi il-günümiziň guwanjyny goşalandyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň däplerine wepaly bolan türkmen halkynyň gadymy milli däpleriniň esasydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy, öňe sürýän oňyn başlangyçlary sebit boýunça goňşy we dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly işjeň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Ali RAHMEDOW.








