Il içinden gürrüňçil garry tapsa Ümür aga hezil ederdi. Gürrüňçiliň ýanyna esli ýol söküp, pyýadalap barmalam bolsa ýadamasy, ýaltanmasy ýokdy.
Bir sapar ol dag içinde bir gürrüňçil gojanyň salgysyny alyp, Aýdereden ýokarlygyna germeçläp ugraýar. Fotosuratçy dosty Geldimyrat Onbegi ýaşulynyň yzyna zordan eýerip barşyna hüňürdeýär: “Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol” diýilýäni çyn eken. Gyzyl gözleýjilere döndüg-aý. “Garaz, iki sagada golaý ýol söküp gürrüňçiliň goşuna bardyk. Gojanyň “dilini” tapmagam dert boldy. Men-ä çaý-nandan doýup, uklap galypdyryn. Ertesi gidip barýarkak: “Görgi baryny göräýýäs-dä” diýip kösenýänimizi aýdanymda, Ümür aga hoz agajynyň saýasyndaky uly daşyň üstünde oturyp: “Bolmanda hazyna tapmak aňsatdyr öýdýärsiňizmi. Bu sapar belläp almadyk bolsak, indiki sapar bu ýerlere, kim bilýär, haçan nesibe çekjek?! Il içinde entekler bellenilmän, ýazylman ýatan zatlar kändir. Şolaryň ýitip gidýänine nebsim-janym agyrýar” diýipdi.
Gadymyýete degişli köne gürrüňleri zer dänesi deý çümmükläp çöpläp, goşawuçlap halkyň hazynasyna goşan Ümür Eseniň ýassyga bagryny berip, eli bilen dolduran küti-küti depderleriniň bolsa gymmatly hazyna kemi ýok...
... Häli-häzirlerem köpçülige çykamda Ümür aganyň edähedine eýerip, elim kagyz-galamly barýaryn. Bir ýerlerden “zeriň” ýylpyldysy çykaýjak ýaly bolup dur.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.








