Gyzyl reňki halaýanlar açyk göwünli, zähmetsöýer, işeňňir bolýarlar. Elmydama özüne tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirmäge çalyşýarlar we adamlara eden ýagşylyklaryndan tükeniksiz lezzet alýarlar.
Sary reňki halaýanlar mähriban bolýarlar. Günüň ýylylyk paýlaýşy ýaly, bu reňki halaýanlar hem töweregindäkileri ýyly mähri bilen gurşap alýarlar. Okamagy, ylym-bilim almagy, diýseň, halaýarlar.
Ýaşyl reňki halaýanlar dogumly bolýarlar. Olaryň özüne ynamy uly. Her hili kynçylyklary ýeňip geçmegi başarýarlar. Ejizlik bu reňki halaýanlara ýatdyr.
Gök reňki halaýanlar gezelenç etmegi başarýarlar. Bular myhmansöýerligi we dostlukly gatnaşyklary saklaýandyklary bilen bellidir. “Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak” nakyly gök reňki halaýanlar üçin döredilen ýalydyr .
Gülgüne reňki halaýanlar näzik göwünlidirler. Olar sähel zada ynjaýarlar. “Gülgüne reňki halaýan” diýýän adama gaty-gaýrym söz aýtmakdan ýa-da gödek degişmekden saklanyň!
Ak reňki halaýanlar gönümel bolýarlar. Gep-gybaty ýigrenýärler. Olar dogruçyl bolýarlar. Şeýle hem bu reňki halaýanlara içki syryňy ynanmak bolar, çünki, olar syr saklamagy başarýarlar.
Toplan
Hojageldi ATAÝEW.








