Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän bäsleşige ukyply önümleri öz ýurdumyzda öndürip,döwletimiziň içki bazarynda haryt bolçulygyny döretmek baradaky öňdengörüjilikli beýik başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber ýardam-goldawlar esasynda Mary welaýatyndaky hususy kärhanalaryň,hojalyk jemgyýetleriniň işjeň telekeçilerem önümçiligi köpugurly esasda ösdürýärler.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesiniň çäginde ýerleşýän “Gyrawly suw” hojalyk jemgyýetiniň telekeçileriniň senagat ugurly täzeçe gözegli işlerem şunuň bir mysalydyr. Olar mundan bir ýyl ozal ýurdumyzda ilkinji bolup azyk önümlerini saklamaklyga niýetlenilen uly göwrümli sowadyjylary köpçülikleýin öndürmekligi ýola goýdular.Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik bölüminde Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýasynyň hünärmenleriniň kömegi arkaly dostlukly döwletde öndürilen awtomatlaşdyrylan enjamlar toplumy gurnalyp,önümçilige girizildi. Baglaşylan özara şertnama esasynda şol kompaniýadan sowadyjylaryň önümçiliginde gerekli çig maly almaklyk ýola goýuldy. Bu ýerde täze önümçiligiň ýola goýulmagy bilen ýaşlaryň ýigrimiden köprägine iş orunlary döredildi.Dostlukly döwletde hünär kämilligini birkemsiz ele alyp gelen telekeçi ýaşlar bu gün kärhanada ornaşdyrylan döwrebap,kämil tehnologiýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler. Kompýuterler arkaly dolandyrylýan enjamlar toplumynda önümçilik sowadyjylaryň daşky diwaryny gurnamak üçin gerekli ak reňkli ýumşak galaýyny işläp bejermekden başlanýar. Galaýylara deşik deşmek,gyralaryny eplemek, bükmek we beýleki tehnologiki işler ýörite enjamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.Bu ýerdäki büküji enjamda bolsa önümiň daşky diwary taýýar görnüşine getirilýär. Önümçiligiň indiki tapgyrynda ýörite enjamlar arkaly sowadyjynyň iýmit saklanylýan içki diwary taýýar edilýär we ol mehanizm arkaly daşky diwaryň içinde ýerleşdirilýär. Soňra bolsa sowadyjynyň daşky hem-de içki diwarlarynyň arasyna iýmit köpürjigi basyş arkaly guýulýar.Şol köpürjik sowadyjyda ýerleşdirilen iýmitiň belli bir temperaturada saklanmagyna ýardam berýär.Kärhanada önümleri öndürmekdäki işleriň ýene bir tapgyry sowadyjynyň içindäki temperaturany ölçäp,ony awtomatiki usulda öçürýän we ýapýan enjamy (termostaty),ulgamyň içinde basyşyň artmagyny üpjün edýän dwigateli (kompressory),ulgamdaky çyglylygy tutup galýan süzgüçleri we beýleki enjamlary düzmek, sowadyjy gazy (freony) guýmaklyk bilen dowam etdirilýär.Hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler kärhananyň hil barlaghanasynda pugta gözden geçirilip,harytlara kepillik derejesi berilýär.”Gyrawly suw” hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda bir gapyly,iki gapyly hem-de üç gapyly uly göwrümli sowadyjylar köpçülikleýin öndürilýär.Kärhanada Türkmen Döwlet standartlary gullugy tarapyndan bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän uly göwrümli sowadyjylaryň her aýda üç ýüzden köpräginiň öndürilýändigini aýtmak gerek. LORS haryt nyşany bilen öndürilýän şol önümlere azyk önümçiligi bilen meşgullanýan döwlet hem-de hususy ulgamyň kärhanalary,şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerindäki iri söwda merkezleri, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, telekeçilik dükanynyň eýeleri tarapyndan uly isleg bildirilýär.Çünki,bahalary elýeterli bu ýokary hilli, bäsleşige ukyply harytlar dürli azyk önümlerini,miweli suwlary,şöhlat önümlerini 2-8 sowuklyk derejesindäki temperaturada saklamaga mümkinçilik berýär.Hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň aýtmaklaryna görä,kärhana taslama kuwwatlygyna çykarylanda bu ýerde ýaşlaryň ýene-de otuzdan köprägine iş orunlary dörediler we her aýda sowadyjylaryň bir ýarym müňden köprägi öndüriler.Hojalyk jemgyýetinde häzir ilatymyz tarapyndan gündelik durmuş hajatlarynda ulanylýan sowadyjylaryň önümçiligi hem köpçülikleýin ýola goýuldy.Kärhananyň telekeçileri geljekde öz öndürýän önümlerini daşary bazara-da çykarmagy maksat edinip,beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygynyň hormatyna iş depginlerini barha artdyrýarlar.Olar hususy telekeçiligi ösdürmäge döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.
Sapardurdy Ýaýlymow.








