Edep öwren...
Bagşyçylyk ýoluna ýaňy gadam basyp ugran bir ýaş bagşy Türkmenistanyň halk bagşysy Ödeniýaz Nobatowyň huzuryna baryp, özüne halypalyk etmegini haýyş edýär.
Halypa bagşy eline dutaryny alyp, ýaş bagşa: “Yzyma düş” diýip, saza başlaýar. Biraz wagt çalanlaryndan soňra ýaş bagşy özüne göwni ýetýän kişi bolup, halypanyň öňüne geçýär welin, halypa başga ýoldan çalyp ugraýar. Şol wagt ýaş bagşy aljyraňňy ýagdaýa düşýär.
Saz gutarandan soňra halypa bagşy ýaş bagşa ýüzlenip şeýle diýýär:
— Saz öwrenmänkäň edep öwren...
Halypanyň şol aýdan sözi ýaş bagşynyň hiç wagt ýadyndan çykmajak sargyt bolýar.
Şaýady boldum
Bir toýda Türkmenistanyň halk bagşysy Ödeniýaz Nobatowdan “Ol ýylan” diýen aýdymy aýdyp bermegini haýyş etdiler. Şonda halypa bagşy: “Ol ýylany” aýdyp bereýin, ýöne, “Ol ýylan” Bazar Sähet bilen gitdi” diýip, ol aýdymy aýdyp berdi.
Men şonda halypa bagşynyň “Ol ýylan” diýen aýdymy aýratyn ussatlyk bilen aýdan Bazar Sähedowa uly hormat goýýandygynyň şaýady boldum.
Muhammedaman SÄHETGULYÝEW.








