MAŞGALADA MAŞGALABAŞYNYŇ ÝEDI BORJY:
Maşgala akylly-başly ýolbaşçylyk etmek;
Maşgala halal eklenç getirmek;
Maşgaladakylara ata göreldesini görkezmek;
Maşgaladakylara dogry edep bermek;
Maşgaladakylara atalyk mährini siňdirmek;
Özüniň ýagşy niýetleri bilen özüne guwandyrmak;
Maşgalanyň abraýyny goraglap gezmek.
ZENAN MAŞGALANYŇ
ÝEDI BORJY:
Är eklenjini isrip etmezlik;
Nesil öndürmek;
Perzendine ene terbiýesini bermek;
Ene göreldesini görkezmek;
Maşgaladakylara yssy mährini çoýmak;
Ýagşy işler bilen özüne guwandyrmak;
Maşgaladakylara hyzmat etmek.
TÜRKMENLER:
Ak reňki päkligiň;
Gyzyl reňki toýuň;
Ýaşyl reňki ýaşlygyň;
Gök reňki asudalygyň;
Çal reňki garrylygyň;
Sary reňki aýralygyň;
Gara reňki ýasyň alamaty diýip aňlapdyrlar hem durmuşda ulanypdyrlar.
Taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.