Şu günler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini halk arasynda, aýratynam, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen bilim edaralarynda geçirilýän maslahatlardyr wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda ýokarda ady agzalan taryhy ähmiýetli foruma bagyşlanylyp orta hünär okuw mekdebimiziň guramagynda mekdebiň mejlisler zalynda «Halk maslahaty — il agzybirligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Baýramaly şäher halk maslahatynyň agzalary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdebimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygy orta hünär okuw mekdebimiziň direktory Atageldi Kakabaýew açdy we alyp bardy.
Wagyz-nesihat duşuşygynda TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Agamyrat Seýitberdiýew, Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maral Garagulowa, şeýle hem mekdebimiziň mugallymy Ýeňiş Myradow çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň rowaçlanmagyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada giňişleýin durup geçdiler.
Hatyja DARRYNOWA.








