Ýakynda şäher häkimliginiň mejlisler zalynda şäher häkimliginiň, şäher halk maslahatynyň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty – geljegi nurlandyrýan aýgytly ädimler» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa şäher halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdylar.
Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow çykyş etdi we maslahaty alyp bardy. Şeýle-de, maslahatda Mary şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Atabaý Jumagulyýew, mährem ene Altyn Mämmedowa, welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi Annamuhammet Hümmedow, welaýat statistika müdirliginiň bölüm müdiri Jumageldi Ataýew, TDEI-niň talyby Aýnur Rejepowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynyň mazmuny hem ähmiýeti, ondan gelip çykýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlara aýratyn bil baglanylýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Annagözel SARYÝEWA.








