Beýik geljegi nazarlaýan eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işler “Döwlet adam üçindir” diýilýän baş ýörelgeden gözbaş alýar. Köp ugurly döwlet maksatnamalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitlerine gönükdirilýär. Eziz Diýarymyzda döwletli başlangyçlary halkymyz bilen maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi. Şu maksat bilen her ýyl türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ençeme raýatlarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu maslahatda ýurdumyzyň geljekki rowaçlyklaryny hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan maksatnamalaýyn işler ara alnyp maslahatlaşylýar we olar boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden maksatnamalary, eden taryhy çykyşlarynyň ähmiýeti her bir raýaty begendirýär. Ýokary guramaçylykda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden çykyşlaryny, döwleti ýörelgelerini halkymyzyň arasynda wagyz etmekde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat etrap we Baýramaly etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Halk maslahaty – bagtyýar halkymyzyň Watançylyk ýörelgesi, mizemez göreldesidir” ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş meselesini barha özgerdip, ýurdumyzy jennet ýaly owadan, dünýäniň öňde barjy döwletleriniň hatarynda tanalmagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işler dogrusynda, obasenagat toplumyny ösdürip, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrmakda öňde goýlan maksatnamalar dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijiler maliýe-ykdysady taýdan goldanylýar. Daýhanlara dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli esasda karzlar berilýär. munuň özi bolsa oba hojalyk işgärlerini, babadaýhanlary täze zähmet üstünliklere ruhlandyrýar diýip aýratyn belläp geçdiler. Agzybirlik, bir-birege sarpa goýmak, ähli ädimleri maslahatly etmek üstünlikleriň binýadyny düzýär. Şol binýadyň düzüminiň ynamdan berkidilmegi bolsa üstünlikleriň, gazanylýan zähmet ýeňişleriniň dowamlylygyny we netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem özgerişli zamanamyzda ugur alnan belent maksatlaryň üstünlige beslenmegi üçin halk bilen döwletleriň arasyndaky baglaýjy güýje öwrüldi. Döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläkde has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar diýip, dabarada çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar Watanymyzy ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň diňe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar.