Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bedew batly ösüşleri bilen öňe barýan eziz Watanymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna barýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda bank ulgamynyň işjeňligini kämilleşdirmek we innowasion sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen ilata ýokary hilli täze hyzmatlary hödürlemek ýaly möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamyny ösdürmek, bank işjeňliginiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, töleg ulgamyny sanly ulgam arkaly ýeňilleşdirmek boýunça maksatlaýyn işler giň gerimde alnyp barylýar. Abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, sanly ykdysadyýetiň gazananlary hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny ýurduň çäginde giňden ornaşdyrmak, şeýle hem bu hyzmatlaryň amatlyklary barada ilatyň arasynda mahabat-düşündiriş işlerini alyp barmak boýunça uly öňegidişlikler gazanylýar. Bank ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary müşderiler bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge we olaryň ileri tutulmalaryna has takyk düşünmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman ugurlary peýdalanmagyň hasabyna müşderileri saklap galmaga, bank telekeçiligini giňeltmäge ýardam berýän sebäpleriň biridir.
Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ulanmak, elektron resminama dolanyşygyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak we beýleki ugurlar boýunça zerur bolan enjamlary, programma üpjünçiliklerini ulgama ornaşdyrmak, şeýle-de dünýäniň ösen döwletleriniň iş tejribelerini öwrenmek arkaly hünärmenleri taýýarlamak işleri hem yzygiderli dowam etdirilýär.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris!
Şeker BÄŞIMOWA.








