Ir zamanlarda şemal, suw hem-de hakykat ýegre dost ekeni. Bir sapar hakykat we suw şemala şeýle sowal beripdirler:
— Dost, aýtsana! Sen örän ýyndam, özüňem bir ýerde durup bileňok. Eger geregiň çyksa, biz seni nireden gözläli?
— Geregim çyksa, meni daglaryň arasyndan tapyp bilersiňiz. Eger ol ýerde ýok bolsam, onda “Titreýän derek” diýilýän äpet dagyň ýanyna baryň. Şol ýerden meni hökman taparsyňyz — diýip, şemal jogap beripdir.
Soňra bu sowaly suwa beripdirler. Şonda ol:
— Siz meni çüwdürimlerden ýa-da ygşyldaşyp oturan gamyşlaryň arasyndan tapyp bilersiňiz — diýip, jogap beripdir.
Indi gezek hakykata ýetipdir. Dostlary ondan:
— Gereklänimizde seni nireden tapyp bileris? — diýip sorapdyrlar.
— Dostlar, eger men sizde bar bolsam, onda eliňizde berk saklaň! Eger sypdyraýsaňyz, gaýdyp maňa ýüzüňiz düşmez. Sebäbi, tebigatym boýunça meni terk edenlere geçirimlilik edip bilmeýärin. Kim-de kim meni inkär edýän ýa-da sylamaýan bolsa, ol meni saklamak hukugyndan mahrumdyr.
Taýýarlan Meretgeldi ATABAÝEW.








