Ýurt Baştutanymyzyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1— 30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirmek baradaky tabşyrygy hem ynsan saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Şu ählihalk çäresi diňe bir sürüjä ýa-da pyýada degişli bolmak bilen çäklenmän, tutuş il-günümiziň abadanlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm çärä biz hem işjeň gatnaşyp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen işlere öz goşandymyzy goşýarys. Şu maksat bilen şäherimiziň köçelerine berk gözegçilik edip, ýollarymyzyň ak ýollar bolmagyny gazanmaga çalyşýarys.
Ýusup MOMMYÝEW.








