Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby häzirki zaman dünýä syýasatynda özboluşly ýoly saýlan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň çuňňur seljermesine bagyşlanypdyr. Bu eser diňe bir taryhy hakykatlaryň ýygyndysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýän milli filosofiýanyň giňişleýin beýanydyr.
Ylmy çemeleşme esasynda ýazylan kitapda hemişelik Bitaraplygymyzyň sarsmaz ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilişi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara gatnaşyklaryndaky ösüşi, Garaşsyz, baky Bitarap derejesiniň ähmiýeti baradaky garaýyşlar beýan edilýär. Halkara başlangyçlar we özgertmeler Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hatarynda goýup, halkara gatnaşyklar ulgamynda onuň mynasyp ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitaraplygyň mizemejek ýörelgelerine eýermek bilen, dünýäniň ähli halklarynyň parahatçylygyny we abadançylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek üçin işjeň hereketleri durmuşa geçirýär. Özüniň nusgalyk başlangyçlaryny hödürleýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy —parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynda çuň pelsepewi garaýyşlaryň açylyp görkezilmegi eseriň many-mazmunyny artdyrýar. Beýan edilen paýhasly pikirler bolsa, kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçip, onuň täsirini artdyrýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp edebi-filosofik eseri halkymyzyň ruhy mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilmegine hem hyzmat eder.
Bu günler bolsa, etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynda täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Olarda hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby bilen baglanyşykly çykyş edýänler türkmen halkynyň özboluşly däp-dessuryna, ynsanperwer ýörelgelerine örän baý we köptaraply medeniýetine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.
Wepa ORAZOW.








