Mälim bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle baýramçylyk dabarasy Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde-de geçirildi. Şanly senä bagyşlanan bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, Mary DES-iniň ýylylyk awtomatiki ölçeg bölüminiň esasy inženeri Muhammetsöýün Annaýew, “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Ýöritegurluşykhyzmat” müdirliginiň baş inženeri Maksat Agajanow çykyş etdiler. Olar ýygnananlary baýramçylyk bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan tutumly işler, ýetilýän belent sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan ýokary görkezijileriň üstünde durup geçdiler. Dabarada Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk çäresinde welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly çykyşlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Baýram AMANOW.








