Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň iňňän wajyp ähmiýetini şöhlelendirýän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, üstümizdäki ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyryldy. Uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýän ýylymyzyň şygary hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň many-mazmunyny dünýä äşgär edýär.
Parahatçylyk, ynanyşmak we dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek adamzat jemgyýetçiliginiň isleg-arzuwynyň özenini düzýär. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty bolsa, umumadamzat ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna gönükdirilendir. Bu aýdýanlarymyza Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän halkara ähmiýetli Kararnamalaram şaýatlyk edýär.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW.








