Gündelikde  galan  ýazgylar
weather mary 10° C Mary
weather mary 10° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Gündelikde  galan  ýazgylar

35 25.03.2026

Bir söz ýüzüňi güldürer,
Bir söz ýüregňi öldürer.
Agyzdan çykan şol bir söz,
Kimiň kimdigini bildirer.
Adamyň daş görnüşi üçin däl-de, siz bilen bagly hereketi üçin gadyryny biliň!
Adam garran wagty taýaga däl-de, öz ýetişdiren çagalaryna söýense şol iň bagtly garrylykdyr.
Kim saňa göriplik edýän bolsa, bil, sen ondan bir ädim öňde barýansyň. 
Eden işiň üçinem ökünip gezersiň, etmedik işiň üçinem ökünip gezersiň. 
Oýun bilen aýdylan zatlaryň köpüsi çyndyr.
Döwlen her zadyň sesi çykar, emma göwün döwülse sesi çykmaz.
Geçirimlilik gaty uly güýçdür, emma hemme kişi başarmaz.
Sabyr eden adam ýoluny tapar, şükür eden adam rahatlyk tapar.
Saglygyň gadyryny hassa bilýändir,
Işiň usulyny ussa bilýändir.
Toplan
Hojageldi ATAÝEW.

10
10 15.04.2026
Milli mirasymyz — göz guwanjymyz

Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda şäherdäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mejlisler zalynda «Milli mirasymyz — göz guwanjymyz» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa şäherdäki 1-nji, 3-nji we 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Duşuşykda şäheriň ýaşaýjysy, mährem ene, şäher zenanlar bölüminiň agzasy Göwherbibi Öwezowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Mähri Saparowa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnahal Muhammetamanowa, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň işgäri Oguljuma Saparmuhammedowa çykyş etdiler. Olar gadymdan gelýän el işleriniň, şaý-seplerimiziň nagyşlarydyr bezegleriniň manysy, ähmiýeti, zenan mertebesi, milli mirasymyza goýulýan sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Gyz edebi hakynda aýdylan täsirli çykyşlar duşuşygyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Göwher KAKAGELDIÝEWA.

11
11 15.04.2026
Asly ganatly bedewler

Ýaz paslynyň häzirki jana ýakymly maýyl howaly günlerinde ýazky at çapyşyk möwsümi dowam edýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 12-nji aprelinde welaýat atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy geçirildi. Bu at çapyşygynyň dowamynda çapyşygyň birinji, ikinji, üçünji tapgyrlarynda üçýaşar atlar 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Tolgundyryjy we çekeleşikli geçen ýaryşlarda öz ýyndamlygyny görkezen ganatly bedewler tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy. Birinji çapyşyga bäş at gatnaşyp, Mary welaýat häkimligine degişli Ýeňiş-2 atly dor at öňdeligi elden bermän, pellehana ilkinji bolup geldi. Ýeňiji bolan Ýeňiş-2 atly dor at 1200 metr aralygy 1 minut 24 sekuntda geçmegi başardy. Atyň seýsi K. Garýagdyýew, ata ezberlik bilen eýelik eden çapyksuwar T. Annaçaryýew. Dartgynly geçen ilkinji çapyşyga bäş at gatnaşyp, A. Gurbangulyýewiň hojalygyna degişli Dordepel atly dor at 1 minut 20 sekunt wagt bilen 1200 metr aralygy geçdi we ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi A. Şalyýew, çapyksuwary A. Ataýew. Üçünji çapyşykda B. Orazowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly dor at öz ýyndamlygyny görkezip, bellenilen aralygy 1 minut 19 sekuntda geçmegi başardy we ýeňiji boldy. Ý. Amannazarowyň ussat çapyksuwarlygy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu atyň seýsi A. Annaýewdir. Çapyşyga jemi bäş at gatnaşdy. Mary welaýat gümrük gullugynyň Goçýigit atly dor aty bäş at gatnaşan dördünji çapyşygyň ýeňijisi bolmagy başardy. Ol 1800 metr aralygy 2 minut 02 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň seýsi D. Amandurdyýew, çapyksuwary Ý. Amannazarow. Bäşinji çapyşyga gatnaşan alty bedewiň arasynda öňe saýlanyp, pellehana ilkinji bolup R. Läliýewiň Toýçy atly hojalyk aty gelip, ýeňiji boldy. 1800 metr aralygy 2 minut 02 sekuntda geçmegi başaran bu ata B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Onuň seýsi Ş. Orazgeldiýew. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

10
10 15.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Golaýda welaýat häkimliginde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Lalmämmet Resulow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, Ýolöten etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Peraýtun Jumaýewa, Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Gyzyl oba saglyk öýüniň lukmany Dürbibi Gulamowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler  barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy.  Hoşallyk maslahatynda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.  Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.  

11
11 15.04.2026
Ýaryş geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen gandbol boýunça döwlet derejesinde ýaryş geçirildi. Ýaryş örän gyzykly hem çekeleşikli boldy. Onda okuwçylar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňiji toparlar öňe saýlandy. Has takygy, oglanlaryň arasyndaky ýaryşda Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Mary welaýatynyň topary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary 3-nji, gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa, Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Mary welaýatynyň topary 2-nji, Daşoguz welaýatynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.  Ýeňiji bolan toparlara “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ogulkeýik ORAZDURDYÝEWA.  

8
8 15.04.2026
Okuwçylar ýeňiş gazandylar

Ýakynda welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdebinde okaýan okuwçylaryň arasynda “Ýaş zehin” atly bäsleşik geçirildi. Welaýat hem-de döwlet tapgyry bolan bu bäsleşikde okuwçylar 7 ugur — bagşyçylyk sungaty, milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary, aýdym aýtmak sungaty boýunça gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.  Bäsleşigiň welaýat tapgyry welaýatyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde geçirilip, onda 27 okuwçy ýeňiş gazanmagy başardy we döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.  Ýeňiji bolan okuwçylara welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar Aşgabat şäherinde geçirilen döwlet tapgyryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, okuwçylaryň üçüsi —1-nji, ikisi 2-nji, dördüsi 3-nji orunlara mynasyp boldular.  Döwlet tapgyrynda ýeňiş gazanan okuwçylara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sülgün ŞADYÝEWA.  

10
10 15.04.2026
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» — 2026

Ýakynda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli künjeginden zehinli okuwçylaryň 23-si gatnaşdy.  Zehinli çagalaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik örän täsirli hem tolgundyryjy boldy. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny açyp görkezen bäsleşikde ajaýyp aýdymlar, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi. Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň, türkmen bedewlerimiziň waspy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler bäsleşikde ýaňlanan ajaýyp aýdymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýle aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.  Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşikde öňe saýlanan körpeler döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Sülgün ŞADYÝEWA.  

6
6 15.04.2026
Mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy boldy

    Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilen bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän “Altyn asyryň – altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu dabara Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň işgärleri, mugallymlar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli bolmagy barada edýän aladalaryndan ruhlanyp ýaşlaryň bilim derejelerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän ders bäsleşikleriniň ähmiýeti dogrusynda gyzykly çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna diplomlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dursun Ilbegiýewa.

7
7 15.04.2026
Telekeçilik işi barha ilerleýär

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny hasda ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Munuň özi, berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyklarynyň we dostlukly gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döredilýän amatly şertleriň netijesinde, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak barada kabul edilen maksatnamalar bu günki gün üstünlikli amal edilip, bu ugurda degişli ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman  Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde ornaşdyrylan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hususy taraplarynyň telekeçilik işini has-da ýokary derejede alyp barmagyna uly itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan döredilýän bu mümkinçilikler hususy taraplar tarapyndan netijeli peýdalanylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly amala aşyrylýar. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän hususy kärhanalar hem döredilýän şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Şeýle hususy kärhanalarynyň biri hem “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýetidir.  Mundan başga-da Mary welaýatynyň çäginde dürli hojalyk jemgyýetlerinde öndürilen ençeme önümler daşary döwletlere yzygiderli eksport edilýär. Daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplara gümrük işlerinde dürli ýeňillikler döredilip, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hödürlenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hasda ösmegine, döwletimizde öndürilen önümleriň dünýä bazarynda mynasyp ornuny tapmagyna uly badalga bolup durýar. Döwlet gümrük gullugy tarapyndan hususy taraplara döredilen ençeme mümkinçilikler hususyýetçileriň işlerini has-da ýokarlandyrmaga uly itergi berýär. Gümrük işgärleri geljekde hem, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygy ugrunda janaýaman halal zähmet çekip, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrýarlar. Olar Berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyna bimöçber alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan edýärler.  Azat Beglanow.

10
10 15.04.2026
Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we şäher, etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym“ atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat şäher ,etrap geňeşliginiň işjeň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar raýatlaryň asuda , bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar hem-de ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan we ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiziň  adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

10
10 15.04.2026
Hoşallyk maslahaty geçirildi

Golaýda welaýat häkimliginde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy Lalmämmet Resulow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Seýitmyrat Atamuradow, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, Ýolöten etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Peraýtun Jumaýewa, Ýolöten etrabynyň Soltanbent geňeşliginiň Gyzyl oba saglyk öýüniň lukmany Dürbibi Gulamowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler  barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy.  Hoşallyk maslahatynda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.  Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Baýram AMANOW.  

10
10 15.04.2026
Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we şäher, etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym“ atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat şäher ,etrap geňeşliginiň işjeň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar raýatlaryň asuda , bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar hem-de ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan we ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiziň  adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

35
35 09.04.2026
Geljegi aýdyň täze şäherçe

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan gözbaşly adam hakda alada giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda  ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň  ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. 22,5 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen täze şäherçede jemi 4500 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede orta mekdepleriň 6-syny, çagalar baglarynyň 8-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 800 gektar meýdany tutjak täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny ýatlamak ýakymlydyr.  Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň ýeňişlere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Medeni-durmuş babatda ähli amatlyklar dörediljek täze şäherçäniň gurluşygyna ak pata berilmegi möhüm waka bolup, il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda şirinden-şirin aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Baýram AMANOW.

25
25 08.04.2026
Bähbitli işleriň rowaç gadamlary

Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli aýdyň ýoly bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly  rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýy täze belentliklere çykýar. Ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly       Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durýar. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Sanly ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, beýleki ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynda uly işler bitirilýär. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmakda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalar edilýär. Has takygy, milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Daýhanlarymyz döwlet Baştutanymyzyň berýän goldaw-ýardamyna daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny almakda uly ýeňişleri gazanýarlar. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa täze öndüriji güýjüň milli ykdysadyýetimizde uly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen halkyň köp sarp edýän harytlarynyň we önümleriniň bolçulygy döredilýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuny toýlar. Giňden belleniljek bu şanly sene Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we bu uly toýuň dabarasy dag aşar. Baýram AMANOW.

27
27 08.04.2026
Ýokary mümkinçilikler döredilýär

Golaýda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, TSTP-niň welaýat komitetiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň bilimini ýokarlandyrmak, bilim bilen önümçiligi utgaşdyrmak we parahatçylyk gymmatlyklaryny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TSTP-niň welaýat            komitetiniň işgärleri, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmenleri, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Çärede TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Atageldi Kakabaýew, şu mekdebiň direktorynyň orunbasary Gurbangeldi Balow çykyş etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň bilimini, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaş nesilleri telekeçilige, zähmetsöýerlige çekmek, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Aýparça AKYMOWA.

47
47 30.03.2026
Ata mekan — toý-baýramyň mekany

Ýakynda «Mary» myhmanhanasynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakalaryny, hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan beýik işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda «Ata mekan — toý-baýramyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Welmyrat Hommadow, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Gulowa hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ajaýyp ýylymyzda halkara gatnaşyklarynda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti barada nygtadylar. Mähri SAPAROWA.  

51
51 30.03.2026
Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz demokratik ýol-ýörelgeler bilen bedew batly öňe barýar. Düýn guramaçylykly geçirilen saýlawlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Has takygy, geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.  Bu jemgyýetçilik-syýasy waka welaýatymyzda-da ykjam taýýarlykly gelnip, guramaçylykly geçirildi. Döwlet senasynyň buýsançly ýaňlanmagy bilen açylan saýlaw uçastoklary ir ertirden köp adamly boldy. Hormatly ýaşulular bilen birlikde, ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylar hem özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärlerine seslerini berdiler. Bu saýlawlara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklary jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygy guwandyrýar. Bu waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baýram AMANOW.  

41
41 30.03.2026
Belent maksatly tutumly işler dogrusynda aýdyldy

        Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň goşýan goşandyny has-da artdyrmak, kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak dogrysynda gürrüňler edildi. Şeýle-de bu maslahatyň dowamynda  çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

47
47 30.03.2026
Döredijilik duşuşygy geçirildi

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at –myradyň mekany” ýyly mynasybetli Mary welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamagynda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen duşuşyga ýurdumyzyň belli medeniýet sungat işgärleri we etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetine goýýan sarpasy dogrusynda çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň belli sungat ussatlarynyň şirin owazlary belent heňde ýaňlandy. Maýa Annameredowa.

1461
1461 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1247
1247 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1499
1499 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1421
1421 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1369
1369 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1589
1589 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1182
1182 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1417
1417 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.