Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-parasatly ýörelgeleriniň netijesinde dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Häzirki döwürde Türkmenistan Merkezi Aziýada iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň biri hasaplanylýar.
Mähriban Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly zähmet üstünliklerine beslemek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Welaýatymyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleriň her birinde täze taryhy eýýamyň bedew bady, ýurdumyzda agzybirligiň, jebisligiň, belent ruhubelentligiň güýji aýratyn duýulýar. Welaýatymyzyň ýüpekçileri we gallaçylary ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.
Welaýatymyz Garaşsyz Diýarymyzyň iri sebitleriniň biridir. Prezident Maksatnamalarynyň çäklerinde welaýatymyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman orta mekdepler, çagalar baglary, medeniýet öýleridir merkezleri, saglyk öýleridir merkezleri, sport mekdepleridir desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Täze köçeler, gaz, suw, elektrik geçirijileri çekilýär. Welaýatymyzyň merkezi Mary şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Mary halkara uçar menzili guruldy. Demir ýol menziliniň durky täzelendi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň, sebitde deňi-taýy bolmadyk, obserwatoriýaly welaýat kitaphanasynyň, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, “Mary” myhmanhanasynyň, Gurbanguly Hajy metjidiniň, Mary şäher iç keseller hassahanasynyň, welaýat çagalar hassahanasynyň, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň ajaýyp binalary şäherimize görk berip, ilatymyzy çäksiz buýsandyrýar. Şäherçelerimiz, obalarymyz şäherlere bäs edip, göreni haýrana goýýar. Şeýle hem Garagum sährasynyň altynsow çägesiniň sähra ösümliklerini özüne hemra edinip oturan Bagtyýarlyk, Döwletli zaman şäherçelerini bu gün görmäge göz gerek.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň hususyýetçilige, telekeçilige giň ýol açmagy netijesinde welaýatymyzda maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynyň, ýyladyşhanalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegini şertlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde welaýatymyzda gök, bakja, miwe, et-süýt önümleriniň barha köp derejede öndürilmegini, olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen daşary bazarlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk we beýleki önümleriniň öndürilip, ak bazarlarymyzyň doldurylmagyny üpjün edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkymyzy eşretli durmuşa, baky bagta ýetiren, nurana geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Kakageldi GURBANOW.