Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny gollamak Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumynda hem aýdyň göz ýetirmek bolaýar. Bu toplumda ýetişdirilýän mallardan alynýan süýt önümi ýurdymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna önjeýli goşant goşýan birnäçe önümçilik kärhanalara çig mal bolup durýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň işjeň agzasy bolan “Gözbaş” hususy kärhanasynyň bu maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda daşary döwletlerden getirilen köp süýt berýän “Golşteýn” tohumly iri şahly mallar irginsiz idegler esasynda ýetişdirilýär. Bu ýerde häzirki döwürde alty ýüzden köpräk gara mal bolup, şolaryň iki ýüzi sagylýan sygyrlardyr. Mallaryň galan bölegi bolsa baka goýlan gara mallar we ýaş gölelerdir. Bu ýerde maýda mallaryň hem dört ýüz segsensi ýetişdirilýär. Toplumda mallara zooweterinariýanyň talaplaryna doly laýyk ideg edilmegi netijesinde her günde bir tonnadan köpräk süýt öndürilýär hem-de sarp edijilere ugradylýar.
Önümçilik kuwwaty ýokary bolan bu tolumyň möwsüminde dört tonnadan gowyrak süýdi öndürmäne hem doly mümkinçiligi bar. Toplumynda dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň iň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligi döwrebap, ylmy esasda guramaga uly ýardam berýär. Bu ýerde mallara ýokary derejede ideg etmek üçin gerek bolan iýmitlendirmek, sagmak we beýleki işler mehanizmleriň, ýörite enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Maldarçylyk toplumynda döwrebap gurlan ýörite ýataklaryň bolmagy hem talabalaýyk ideg etmeklige şertler döredilen. Mallaryň ýokumly, witaminli ot – iýmler bilen birkemsiz üpjün edilmegi sygyrlardan gündelik saglyp alynýan süýdüň mukdarynyň artmagyna, baka goýlan mallaryň bolsa sagdyn ösmegini üpjün etýär. Toplumda mallar üçin zerur bolan ot – iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin iki ýüz elli gektar ýer bölünip berlipdir. Toplumyň hünärmenleri şol ýerlerde ýorunja, arpa, mekgejöwen we beýleki ot – iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirýärler.
Häzirki günlerde bu ýerde mallara gyş döwri üçin ýokumly otlary taýýarlamak işleri gyzgalaňly ýagdaýda, ýokary depginde alnyp barylýar. Döwletimizde ýokary hilli maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga saldamly goşant goşmagy aýdyň maksat edinýän “Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň hünärmenleri geljekde sagylýan sygyrlaryň sanyny düýpli artdyrmagy özlerine baş wezipe edinýärler. Olar telekeçilik işlerini ösdürmäge berýän kömekdir – goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.