Pagtaçy kärendeçiler ekerançylyk meýdanlarynda bol hasyl toplaýan gowaçalara ideg etmek işlerini guramaçylykly dowam etdirýärler. Her bir kärendeçi yhlasly zähmetiň göwnejaý netije berýändigine öz iş tejribesinde göz ýetirýär. Kärendeçiler otag, ýekeleme, iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini agrotehnikanyň kadalaryna görä wagtynda geçirýärler. Olar şu günlerde hem gowaçalaryň uçlaryny çyrpmak işini ýerine ýetirýärler.Her bir işiň wagtly-wagtynda kadalaýyk ýerine ýetirilmegi gerek. Tehnika taýdanam, otag, ýekeleme, suw tutmak işleriniň ählisi ýerli-ýerinde edilse çeken zähmetiň ýerine düşýär.
Ussat ýer eýeleri hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerine edilýän idegi talabalaýyk alyp barmak baradaky aýdýanlaryny ýerine ýetirmek ugrunda aladalanýarlar. “Daýhan mert — ýer jomart” diýlişi ýaly, topraga hyzmat etseň, maňlaý deriňi döküp işleseň ene ýer bol hasyl eçilýär. Topraga siňdiren her maňlaý deriň hana-hana “ak altynlar” bolup gaýdyp gelýär. Gozalap oturan gowaçalar hem daýhana ruhy lezzet berip, göwnüni galkyndyrýar. Munuň özi hem daýhanyň zähmet ýeňşine bolan ynamyny döredýär.
Her bir zähmet ussady Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan toýlanyljak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna uly üstünlikler bilen barmagy maksat edinýär. Şeýle etmek bilen olar ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk pudagynyň ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.
Ýer eýeleriniň yhlasly zähmet çekmeginiň, ýokary hasyl almaga bolan höwesiniň artmagynyň aňyrsynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlar barada edýän çäksiz aladalary durýar. Çünki, biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda işläniň gadyry bilinýär, olara belent sarpa goýulýar.
Zähmetsöýer pagtaçy kärendeçiler asuda Watanymyzyň goýnunda halal zähmet çekmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine hoşal bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwlaýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.