Gönezligiň taýýarlanylyşy
weather mary 39° C Mary
weather mary 39° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Gönezligiň taýýarlanylyşy

35 13.06.2025

Türkmeniň sähra giňişligini düýedir sygyrsyz, goýundyr geçisiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Halkymyz maldarçylygy özüniň ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-käri hasaplapdyr. Türkmen hojalygynyň esasy pudagy bolan maldarçylykda et önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, mallardan alynýan süýdi yrýa etmän, ondan köp görnüşli süýt önümleri taýýarlanylýar.

Süýt önümlerini taýýarlamak işi bilen esasan enelerimiz meşgullanypdyrlar. Enelerimiziň taýýarlan şol süýt önümleri uzak wagtlap zaýalanman saklanypdyr. Geň görmeli ýeri, süýt önümleri taýýarlanylanda hiç hili elektrik enjamy ýa-da himiki garyndy ulanylmandyr. Onda diňe ýerli iş usullaryndan peýdalanylypdyr. Süzme, peýnir, sargan, deleme, düýe çaly, eprik, motal ýaly, süýt önümlerini taýýarlamak üçin, ilkinji nobatda, gönezlik zerur bolupdyr. Gönezligi enelerimiz özboluşly aýratyn usul bilen taýýarlapdyrlar. Onuň taýýarlanylyşy halkymyzyň arasynda, umuman, birmeňzeşräk bolupdyr. Ýöne, onuň käbir tapawutlyklary hem bar.

Türkmenistanyň günbatar çäklerinde ýaşaýan ilatyň arasynda peýnir üçin täze doglan guzynyň, towşanyň ýa-da keýigiň maýalygyny (kyrkgasanak) alyp, onuň içine goýnuň owuz süýdüni guýup, gönezlik taýýarlapdyrlar. Şeýle görnüşde alnan gönezligiň bir çemçesi bir bedre töweregi süýdi uýatmaga ýetipdir.

Gönezlik diňe bir suwuk görnüşinde taýynlanylman, eýsem, ol gury, un görnüşinde-de taýýarlanylypdyr. Biziň welaýatymyzyň çäklerinde sarganyň gönezligi üçin üç-dört gün bolan guzynyň maýalygy alnypdyr. Onuň içine duz, zäk goşulan owuz süýdüni, üstündenem turşadylan süýdi guýup, maýalygyň gapdallaryny daňyp, asyp goýupdyrlar. Şemal çalyp duran ýerde asylan maýalygyň içindäki zatlar wagtyň geçmegi bilen gurap, gury un görnüşli gönezlige öwrülipdir.

Ahal sebitlerinde peýnirlik üçin gönezlik taýýarlanylanda guzy maýalygynyň içine duz, zäk goşulan owuz süýdüni guýupdyrlar. Süýt uýandan soň onuň suwuny özüne çekmegi üçin gönezlige gawunyň çigidi hem atylypdyr.

Gojaman Jeýhunyň kenaryny ýakalap oturan türkmenlerde bolsa, gönezlik taýýarlamak birneme tapawutly bolupdyr. Munuň üçin sanlyja gün bolan guzynyň maýalygyny alyp, duz atylan owuz süýdünde saklapdyrlar. Soňra maýalygyň duzuny ýuwupdyrlar. Taýýar bolan gönezligi süýdüň içinde eýläk-beýläk hereketlendirip, süýdi uýadypdyrlar. Şeýle usulda taýýarlanylan gönezlik birbada 20 litr süýdi uýatmaga mümkinçilik beripdir.

Enelerimiziň hojalyk işlerine ussatlygynyň netijesinde özleriniň ýerli usullaryny peýdalanyp, süýdi uýadyp, goýaldyp taýýarlan süýt önümleri il arasynda tagamlylygy we dermanlyk häsiýetleri bilen meşhurdyr.

Umuman, halkymyzda maldarçylyk hojalygynyň önümleriniň görnüşleri, olaryň taýýarlanylyşy örän gyzykly we özboluşlydyr. Enelerimiziň şeýle asylly däplerini öwrenmek, olary has-da kämilleşdirmek biziň hemmämiziň borjumyzdyr.

Kümüş HUDAÝGULYÝEWA.

1
1 01.08.2025
Şadyýan tomus — 2025

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň bilelikde guramagynda “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Saglygym — baş baýlygym” atly sport çäresi geçirildi. Çärede merkezde dynç alýan çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşan çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezip, biri-birinden tapawutlanmagy başardylar. Gyzykly, şadyýan geçen çärede özleriniň erjelligini görkezen çagalar TMÝG-niň şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.  Göwher KAKAGELDIÝEWA.

1
1 01.08.2025
Bitaraplyk — baky buýsanjymyzyň şamçyragy

Şeýle at bilen etrap medeniýet öýünde geçirilen duşuşyk hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Duşuşygy TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap medeniýet öýi, etrap bilim bölümi bilelikde guradylar. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim ulgamynyň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýeňiş Nurmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän daşary syýasaty, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy, ýurdumyzyň ösüşleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Ogulnäzik ANNAMOWA.

1
1 01.08.2025
Ahlak arassalygy — ruhy tämizlik

Golaýda şeýle at bilen Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynda halkymyzyň däp-dessurlaryny, maşgala hem-de zenan mertebesiniň mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap zenanlar bölüminiň we etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzalary — dürli ulgamda zähmet çekýän gelin-gyzlar we mährem eneler gatnaşdylar.  Wagyz-nesihat çäresinde etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Jennet Jumaýewa, etrapdaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Sona Gurdowa, mährem ene Ogulgerek Şakulyýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, köpçülik ýerlerinde gyz-gelinleriň edep-ekramyny, ahlaklylygyny, arassaçylygyny, gaýyn-gelin, ýeňňe-baldyz we eltileriň biri-birine bolan mähirli gatnaşyklaryny öwüt-ündew etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek dogrusynda durmuş mysallary arkaly täsirli gürrüň etdiler.  Çykyşlaryň dowamynda zenan mertebesini belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler aýdyldy.  Bahargül MEJIDOWA. 

1
1 01.08.2025
Dabarasy dünýä doljak baýram

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Maslahatda Murgap etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Wepa AKGAJYKOW.

1
1 01.08.2025
«Awaza» forumy: taryhy ähmiýetli waka

Golaýda welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler zalynda TDP-niň, TSTP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekmegi mynasybetli geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Maslahatda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, TAP-nyň welaýat komitetiniň başlygy Sapa Süleýmanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Taganmyrat Gurtlyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler bu halkara derejesindäki forumyň geçirilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýändigi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Aýparça AKYMOWA.

5
5 01.08.2025
“Daragt” haryt nyşanly azyk önümleri halkyň islegini kanagatlandyrýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda hususy önümçilikde ýokary iş netijeleri gazanylyp, işewür telekeçileriň yhlasy bilen öndürilýän azyk önümleriniň görnüşleri barha artýar. Içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygy emele getirilip, halkymyzyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky “Daragt” haryt nyşanly azyk önümlerini öndürýän hususyýetçileriň öndürýän önümlerem özüniň döwrebaplygy we ýokary hilliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagy hasaplanýan hususy ulgamy ösdürmek barada amala aşyrýan özgertmeleri bu ugurda gujurly zähmet çekýän işewür telekeçileri täze üstünliklere ruhlandyrýar. Irginsiz döredijilik gözlegleri bilen maksada okgunly we netijeli işleri alyp barýan hususyýetçiler bazarlary içgin öwrenmek bilen azyk önümleriniň bolçulygyny döredýärler. Şeýle asylly başlangyçlara mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Wekilbazar etrabynyň çägindäki “Daragt” haryt nyşanly şöhlat, konditer we süýt önümlerini öndürýän hususyýetçiler öndürýän önümleriň hil derejesine we ekologiýa taýdan arassa önümler bolmagyna aýratyn üns berýärler. Hususy önümçilikde şöhlat önümlerini öndürmekde gerek bolan mal eti hususyýetçiniň şahsy mallarynyň hasabyna üpjün edilýär we belli bir bölegi şahsy hojalyklardan bellenilen ylalaşyk esasynda satyn alynýar. Bu ýerde häzirki wagtda gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan ýokary hilli şöhlat önümleriniň hem-de büzmeçleriň otuz görnüşi öndürilýär. Şunuň bilen bilen bir hatarda guş etinden hem azyk önümleriniň dürli görnüşleri taýýarlanýar. Hususy önümçiliginiň şöhlat önümleriniň öndürmekdäki ýyllyk kuwwaty bolsa altmyş tonna barabardyr. Işewür telekeçileriň berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp öndürýän azyk önümleriniň hatarynda dürli görnüşli konditer önümleri we süýjülik tortlary hem uly orun tutýar. Ýokary tehnologiýaly, häzirkizamanyň iň kämil enjamlarynyň  kömegi arkaly öndürilýän bu azyk önümleri içerki bazarlarymyzda hil derejesiniň döwrebaplygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususyýetçileriň gündelik öndürýän uýadylan gaýmak, gatyk, syr, peýnir ýaly süýt önümleri hem ilat arasynda uly isleg bildirilýän önümler bolup durýar. Işewür telekeçileriň  çekýän irginsiz zähmetleri netijesinde taýýarlaýan ýokary hilli azyk önümleri özlerine degişli bolan Mary şäherindäki “Hoşal” we “Halal” atly söwda merkezleriniň üsti bilen ilatymyz üpjün edip durulýar. Önümleriň belli bir bölegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bazarlaryna we söwda nokatlaryna-da ugradylýar. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edilýän hususyýetçiler şu günler has-da joşgunly zähmet çekýärler. Işleri barha öňe ilerleýän işewür telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini aýdýarlar. Çary SAPAROW.

5
5 01.08.2025
Täsirli duşuşyk geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäginde Mary welaýat halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Demokratik hem-de Agrar partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. “Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi – ýetilen sepgitler, giň mümkinçilikler, geljekki ugurlar” atly bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak bu wakanyň ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlary netijesinde Watanymyzyň ösüşleri dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň durmuşyndaky syýasy ähmiýetli bu waka ata – babalarymyzdan miras galan ýörelgämiz bolup, milli demokratiýamyzyň täze many – mazmun bilen baýlaşdyrylmagydyr – diýip duşuşykda çykyş edenler bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halknyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýly GURBANOW.

13
13 31.07.2025
“Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny gollamak Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutylýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň çäginde ýerleşýän “Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumynda hem aýdyň göz ýetirmek bolaýar. Bu toplumda ýetişdirilýän mallardan alynýan süýt önümi ýurdymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna önjeýli goşant goşýan birnäçe önümçilik kärhanalara çig mal bolup durýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň işjeň agzasy bolan “Gözbaş” hususy kärhanasynyň bu maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda daşary döwletlerden getirilen köp süýt berýän “Golşteýn” tohumly iri şahly mallar irginsiz idegler esasynda ýetişdirilýär. Bu ýerde häzirki döwürde alty ýüzden köpräk gara mal bolup, şolaryň iki ýüzi sagylýan sygyrlardyr. Mallaryň galan bölegi bolsa baka goýlan gara mallar we ýaş gölelerdir. Bu ýerde maýda mallaryň hem dört ýüz segsensi ýetişdirilýär. Toplumda mallara zooweterinariýanyň talaplaryna doly laýyk ideg edilmegi netijesinde her günde bir tonnadan köpräk süýt öndürilýär hem-de sarp edijilere ugradylýar.  Önümçilik kuwwaty ýokary bolan bu tolumyň möwsüminde dört tonnadan gowyrak süýdi öndürmäne hem doly mümkinçiligi bar. Toplumynda dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň iň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligi döwrebap, ylmy esasda guramaga uly ýardam berýär. Bu ýerde mallara ýokary derejede ideg etmek üçin gerek bolan iýmitlendirmek, sagmak we beýleki işler mehanizmleriň, ýörite enjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Maldarçylyk toplumynda döwrebap gurlan ýörite ýataklaryň bolmagy hem talabalaýyk ideg etmeklige şertler döredilen. Mallaryň ýokumly, witaminli ot – iýmler bilen birkemsiz üpjün edilmegi sygyrlardan gündelik saglyp alynýan süýdüň mukdarynyň artmagyna, baka goýlan mallaryň bolsa sagdyn ösmegini üpjün etýär. Toplumda mallar üçin zerur bolan ot – iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin iki ýüz elli gektar ýer bölünip berlipdir. Toplumyň hünärmenleri şol ýerlerde ýorunja, arpa, mekgejöwen we beýleki ot – iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirýärler. Häzirki günlerde bu ýerde mallara gyş döwri üçin ýokumly otlary taýýarlamak işleri gyzgalaňly ýagdaýda, ýokary depginde alnyp barylýar. Döwletimizde ýokary hilli maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga saldamly goşant goşmagy aýdyň maksat edinýän “Gözbaş” hususy kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň hünärmenleri geljekde sagylýan sygyrlaryň sanyny düýpli artdyrmagy özlerine baş wezipe edinýärler. Olar telekeçilik işlerini ösdürmäge berýän kömekdir – goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.

251
251 31.07.2025
Merkezi Aziýanyň çempionlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportyny ösdürmek, onuň halkara abraýyny ýokary götermek ugrunda etýän aladalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilen. Şol amatly şertlerden ruhlanýan türkmen türgenleriniň dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp gazanýan üstünlikleriniň hoş habary ähli halkymyzy begendirýär. Dünýäde giňden ýaýran pähim-paýhas oýuny hasaplanýan sportuň küşt görnüşi boýunça Mary welaýatynyň türgenlerem halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolýarlar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hatarynda Mary welaýatyndan çykyş eden  küştçüleriň ikisi Gyrgyzystan döwletiniň Çolpan-Ata şäherinde tamamlanan Küşdüň nusgawy görnüşi boýunça 8, 10, 12, 14, 16, 18 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlik gazandylar.  Mary welaýatyndan ýaşajyk küştçi Anna Çaryýewa iýul aýynyň 20-29-y aralygynda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda birinji orny eýelemegi başardy. Ol altyn medaly gazanyp, Merkezi Aziýanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Şeýle-de Mary welaýatyndan bu ýaryşda 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Alyhan Batyrow ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldy. Ýaşajyk küştçüleriň ikisine-de Halkara küşt federasiýasynyň sport ussatlygyna dalaşgär diýen dereje berildi. Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň türgenleri, Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Anna Çaryýewa hem-de Mary şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Alyhan Batyrow ýaşlygyna garamazdan zehinlije küştçiler diňe bir welaýat, ýurt derejesindäki ýaryşlardan daşary hem halkara, Aziýa, Dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp öz tejribesini barha artdyrýarlar. Olar Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi, “Watana bolan söýgüsi üçin”  medalyň eýesi Ejegyz Ýalkanowanyň halypalyk etmeginde küşdüň inçi syrlaryny ussatlyk bilen ele alýarlar.  Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, tejribeli küştçi Anna Çaryýewa 2024-nji ýylda Taýland döwletinde geçirilen Aziýa çempionatynda hem ýurdumyza kümüş medal bilen,  2025-nji ýylyň aprel aýynda Gresiýa döwletinde küşdüň Rapid görnüşi boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda bürünç medal bilen Watanymyza dolanandygyny bellemek gerek.  Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde 8, 10, 12 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen Halkara küşt ýaryşynda-da Anna Çaryýewa küşdüň blitz görnüşinde 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Altyn medala, Alyhan Batyrow bolsa 12 ýaşly oglanlaryň arasynda rapid görnüşi boýunça kümüş medala eýe boldylar.  Öz öňlerinde belent maksatlary goýýan ýaşajyk küştçiler we olaryň halypa tälimçisi ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler bu üstünligiň esasy başlangyjydygyny buýsanç bilen belleýärler. Watanymyzyň sport abraýyny ýokary götermekde, türkmen türgenlerine döredilýän bu giň şertler, berilýän goldawlar bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesi bolup durýar. Türkmen türgenlerine şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly  Prezidentimize Mary welaýatynyň türgenleri we tälimçileri tüýs ýürekden sag bolsun aýtýarlar. Geljegine uly umyt bildirilýän ýaşajyk küştçiler geljekde-de ýaşyl tugumyzy ýene belende götermegi maksat edinýärler.  Gülnabat GÜLLEKOWA

1
1 01.08.2025
Bitaraplyk — baky buýsanjymyzyň şamçyragy

Şeýle at bilen etrap medeniýet öýünde geçirilen duşuşyk hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Duşuşygy TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap medeniýet öýi, etrap bilim bölümi bilelikde guradylar. Duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, bilim ulgamynyň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.  Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýeňiş Nurmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Nagmat Hümmedow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän daşary syýasaty, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy, ýurdumyzyň ösüşleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.  Ogulnäzik ANNAMOWA.

1
1 01.08.2025
Dabarasy dünýä doljak baýram

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Maslahatda Murgap etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýjemal Allanowa, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Wepa AKGAJYKOW.

1
1 01.08.2025
«Awaza» forumy: taryhy ähmiýetli waka

Golaýda welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler zalynda TDP-niň, TSTP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň awgust aýynyň 4 — 8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada Karara gol çekmegi mynasybetli geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Maslahatda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, TAP-nyň welaýat komitetiniň başlygy Sapa Süleýmanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Taganmyrat Gurtlyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler bu halkara derejesindäki forumyň geçirilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýändigi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Aýparça AKYMOWA.

5
5 01.08.2025
Täsirli duşuşyk geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäginde Mary welaýat halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Demokratik hem-de Agrar partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. “Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi – ýetilen sepgitler, giň mümkinçilikler, geljekki ugurlar” atly bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak bu wakanyň ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlary netijesinde Watanymyzyň ösüşleri dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň durmuşyndaky syýasy ähmiýetli bu waka ata – babalarymyzdan miras galan ýörelgämiz bolup, milli demokratiýamyzyň täze many – mazmun bilen baýlaşdyrylmagydyr – diýip duşuşykda çykyş edenler bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halknyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Toýly GURBANOW.

29
29 31.07.2025
Halkara foruma bagyşlanylan maslahat uly ähmiýete eýe boldy

Ýakynda Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman özgertmeleri” diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň bilim işgärleri ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara forumyna görülýän taýýarlyk, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigi we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýe bolýandygy dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.

12
12 31.07.2025
TÜRKMENISTAN — DOST-DOGANLYK MEKANY

Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, TDMG-niň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň hem-de şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow çykyş etdi we duşuşygy alyp bardy. Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Atamyrat Ballybaýew, Türkmenistanyň Döwlet m igrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň uly gözegçisi Kümüş Kalinowa, şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi Mahym Mämmetdurdyýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde döwletleriň arasynda işjeň gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy barada nygtadylar. Şeýle-de, olar daşary ýurtlara okamak, işlemek, syýahat etmek maksady bilen gitmek isleýän raýatlara şol ýurda barmak üçin wizanyň ýa-da degişli rugsatnamanyň zerurdygy we ony resmileşdirmegiň tertibi barada anyk maglumatlary, degerli maslahatlary berdiler.   Annagözel SARYÝEWA.

21
21 31.07.2025
Bagy-bossanlyga beslenýär Diýar

Golaýda etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynda TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Bagy-bossanlyga beslenýär Diýar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri  hem-de işjeň agzalary, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň tälimçileridir türgenleri gatnaşdylar. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Mahym Hojagulyýewa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Kakageldi Rejepow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Gülşat Töräýewa, etrapdaky “Galkynyş” sport desgasynyň direktory Çary Abdyrahmanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda gözel Diýarymyzda ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrmagyň, ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň möhüm ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde birnäçe işleri durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  Kerim ALTYÝEW.

15
15 31.07.2025
Ösüşli döwrümiz kämillige tarap

Şeýle at bilen etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyldy. Maslahata Türkmenistanyň  Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň  işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy Aýsoltan Hudaýberdiýewa, 3-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Oguljemal Annageldiýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň ýeten ajaýyp ösüşleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi barada buýsançly gürrüň etdiler.   Sona GURDOWA.

42
42 30.07.2025
Şanly ýylyň möhüm wakasy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Şu waka mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösüş-özgerişli menzilleri rowaç alýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýan döwletimiziň halkara at-abraýy hem täze belentliklere çykýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Muňa Türkmenistanymyzyň halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň geçirilýän  ýurduna öwrülendigem şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4—8-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy bolar. Gahryman Arkadagymyzyň  gürrüňi edilýän halkara maslahatyna  taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda eden çykyşynda  belleýşy ýaly, dünýäniň döwletleriniň 32-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda bu halkara forumynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Watanymyzyň halkara abraýynyň has belent derejelere çykmagyna ýardam edýändigini görkezýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu maslahatyň maksady Milletler Bileleşigine agza Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyna ýardam bermek bolup durýar.  Merdan ORAZMEREDOW.

562
562 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

484
484 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

705
705 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

552
552 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

547
547 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

651
651 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

455
455 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

483
483 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.