Däp bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Şu günler hem gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli guralýan dabaralar, maslahatlar, medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp sene hormatly Prezidentimiziň ýaşululara bolan çäksiz hormat-sarpasynyň nyşanyny, ýurdumyzyň BMG bilen oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryna laýyklykda bellenilýän bu baýramyň ýaşulular üçin ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşululara goýulýan hormat-sarpa has-da belende göterilýär. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen Ýaşulularyň halkara gününiň ýurdumyzyň milli baýramlarynyň sanawyna girizilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi ýöne ýerden däldir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda, agzybirligiň we jebisligiň has-da pugtalandyrylmagynda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşuly nesliň beýik maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan dana pikirlerine, paýhasly maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berilýär» diýip bellemeginde uly many bar. Her ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden dabaralanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän günlerinde Watanymyzyň gülläp ösmegi, nesillerimiziň ilhalar ogul-gyzlar bolup ýetişmegi ugrunda gije-gündiz alada edýän il sylagly ýaşulularymyza Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, mährem enelerimiziň bolsa Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy ýaşuly nesle goýulýan belent sarpanyň has-da ýokary göterilýändigine şaýatlyk edýär.
Dünýäniň paýhas hazynasy bolan parasatly ýaşulularymyzyň, türkmen ojagynyň daýanjy hasaplanylýan mährem enelerimiziň öwüt-ündewleri bilen durmuşymyz ajaýyplyklara beslenýär. Goý, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda saýalaýan ýaşulularymyzyň, enelerimiziň ömürleri uzak, görjekleri diňe gowulyk bolsun!
Bahargül MEJIDOWA.








