Aýagy at, eli gamçy bolup ýör — galdaw adama aýdylýan jümle.
Ýel atyna münüp, ýelbegeý donly barýar — merhumyň ahyrky ýoluna alnyp barlyşy.
Indew suwaran ýaly etdiň-ow — buýrulan işi amal etmän aldap ýören kişi. Indew diýen dermanlyk ösümlik bar. Ol suwsan wagty: “Ana, suw açdym, soňam: “Ana, bagladym” diýip, patdatlan bolsaň özi terlenip gidiberýärmiş.
Çopan ýorgany — gyş aýlary sowuk gijelerde asmanda örýän ygalsyz ýuka bulutlar. Çopanlar şol bulutlaryň howanyň maýlamagyna täsir edýändigini aňypdyrlar.
Şeýtanyň gözleri — düýeleriň daşyna agyl hökmünde gazylýan iki hatar çukurlar. Düýeler şol çukurlardan daşyna çykyp bilenok.
Çolpyňa ilen zat bolmadymy? bu jümle awa gidip ýa-da bir zat getirmäge gidip, boş gelen adama aýdylýar. Çolpy — çybykdan örülen süzgüç.
Ak iner çökmese, guba maýa gaýmaz — gar ýagmasa, ýeriň hasyly pes bolar.
Kör düýesi köprüden geçdi — gürrüňi edilýäniň öýlenendigini aňladýan söz.
Sapandan sypan ýaly — gaty howlugyp, ylgap gitmek.
Serpmeden gaýdan ýaly — tötänden şowsuzlyga uçramak.
Taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.








